Post
1nji abzasdan galan ýerini heniz okamok. Ýöne soňky döwür ne dolanyp öz ýazanlammy okasym gelýä, ne de başgalaňkyny. Höwes ýok. Bary biderek ýaly. Barybir düýbi boş ýaly. Birtopar düşnüksiz duýgular we pikirler. Sizde käte şeýle ýagdaýlar bolýamy Serdar aga?!
3 jogap
Göwnüm “ýuwlup”, sergin şemala “serlene” dönýär. Soň öýe dolanýan-da, riderde kellä agram salmaýan başdangeçirmeler romanyny (esasan fantastika) okaýan. Bahymam bimanylyk, lapykeçlik “hassalygyndan” açylýan :-).
Şekspir aýtmyşlaýyn: "Diňe iýmek-içmek, ýatmak bolsa bileni, ol adam haýwandyr - ana bolany" diýilýän sortly adam bolman, dünýä barada, diriligiň manysy barada azda-kände oýlanýan ynsanda ählumumy bimanylyk duýgusy hökman bolaýmaly zat. "Dem şu demdir, şundan özge dem bolmaz" diýýär-ä meşhur goşgy setirleri. Gurbannazar aýdýa: "Şu dünýäde mahsus ähli zatlaryň senden sowlup geçmeýänne monça bol". Tejribämden aýdaýyn: manysyzlyk duýgusy basmarlanda gidýän-de ýer depýän, mellegimdäki baglarymy çyrpýan, otag edýän, towuk ketegimi arassalaýan. Mazaly gara dere batyp ýadabam suwa düşüp, pinekläp çaý-nahar edinýän. Soň dostumyň ýanyna gidip, oň bilen has göwnejaý pinekläp kofeleýäs, jahyllykdaky ýaly bolgusyz hahahaý-wahahaý mesawy söhbet wurýas.