Post
Şekspir aýtmyşlaýyn: "Diňe iýmek-içmek, ýatmak bolsa bileni, ol adam haýwandyr - ana bolany" diýilýän sortly adam bolman, dünýä barada, diriligiň manysy barada azda-kände oýlanýan ynsanda ählumumy bimanylyk duýgusy hökman bolaýmaly zat. "Dem şu demdir, şundan özge dem bolmaz" diýýär-ä meşhur goşgy setirleri. Gurbannazar aýdýa: "Şu dünýäde mahsus ähli zatlaryň senden sowlup geçmeýänne monça bol". Tejribämden aýdaýyn: manysyzlyk duýgusy basmarlanda gidýän-de ýer depýän, mellegimdäki baglarymy çyrpýan, otag edýän, towuk ketegimi arassalaýan. Mazaly gara dere batyp ýadabam suwa düşüp, pinekläp çaý-nahar edinýän. Soň dostumyň ýanyna gidip, oň bilen has göwnejaý pinekläp kofeleýäs, jahyllykdaky ýaly bolgusyz hahahaý-wahahaý mesawy söhbet wurýas.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.