Gir

Post

@ilyas-a jogap

Meniň ýazanlarym Siziň hekaýaňyz barada däldi. Şonuň üçin men ony aýratyn goýdum. Aýtjak bolan zadym, näme üçin bu tema siziň ýüzlenendigiňiz. Umumy söýgi hakynda ýaşlaryň pikiri, özüňi mata ýaly duýmak nämäni görkezýär. Islendik bir ýazgyny ýazmaga iterýän zat bolýar. Sizi galama ýapyşmaga, gyzyň özüni mata ýaly duýmagyna nämä sebäp boldy, ine şu temany gozgasym geldi. Umuman ýaş gyzlaryň durmuşa garaýyşlary meni gaty gyzyklandyrýar. Bu temany geljekde işläsim gelýär. Diňe gyzlaram däl, ýigitlerimizem. Ýöne olar bilen gatnaşygym bar bolansoň olary diňläp bilýän. Gyzlar welin maňa ýarylmadyk garpyz ýaly. Göwnüňize ýalňyş pikirler gelmesin. Ýazgyňyzy okan badyma ýürejige basypdym.

Menem oňa düşünýän. Ýöne şeýle gahrymany ýazmaga sizi näme iterdi? Gahrymanyňyzyň edýän pikirleri siziň aňyňyza nireden geldi? Öz başyňyzdan geçmedigem bolsa birinde görensiňiz? Birinde däl, köpüsinde görensiňiz. Ýogsa ony ýazmazdyňyz diýip pikir etdim. Meň özümä şeýle. Degnama degen, aňyma ornap maňa gün bermeýän zatlary ýazýan.

· 2 / 2

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç