Gir

Post

ilyasAwtor

Meniň ýazanlarym Siziň hekaýaňyz barada däldi. Şonuň üçin men ony aýratyn goýdum. Aýtjak bolan zadym, näme üçin bu tema siziň ýüzlenendigiňiz. Umumy söýgi hakynda ýaşlaryň pikiri, özüňi mata ýaly duýmak nämäni görkezýär. Islendik bir ýazgyny ýazmaga iterýän zat bolýar. Sizi galama ýapyşmaga, gyzyň özüni mata ýaly duýmagyna nämä sebäp boldy, ine şu temany gozgasym geldi. Umuman ýaş gyzlaryň durmuşa garaýyşlary meni gaty gyzyklandyrýar. Bu temany geljekde işläsim gelýär. Diňe gyzlaram däl, ýigitlerimizem. Ýöne olar bilen gatnaşygym bar bolansoň olary diňläp bilýän. Gyzlar welin maňa ýarylmadyk garpyz ýaly. Göwnüňize ýalňyş pikirler gelmesin. Ýazgyňyzy okan badyma ýürejige basypdym.

· 1 / 2

Menem oňa düşünýän. Ýöne şeýle gahrymany ýazmaga sizi näme iterdi? Gahrymanyňyzyň edýän pikirleri siziň aňyňyza nireden geldi? Öz başyňyzdan geçmedigem bolsa birinde görensiňiz? Birinde däl, köpüsinde görensiňiz. Ýogsa ony ýazmazdyňyz diýip pikir etdim. Meň özümä şeýle. Degnama degen, aňyma ornap maňa gün bermeýän zatlary ýazýan.

3 jogap

dil kursa(olam gara görgi bn, hamala erbet is edyän yaly, tanyş biliş bilmesin dp, barasam bir hepde de ûç gúndir welin) ölemen öwrenesim gelyân diller üçin kurslañ birine de gatnap bilmedim. (aslynda bu tema yúzlenmegimiñ birnäçe sababinden bir bolegi bular, yazyp otursañ uzak boljak, yadatjak)

Şu temada (gyzlar-geyim-gejim) yazyp-bellâp ep esli zat üyşirdim. Şu tema bizde işlenmedik diyen yaly. Matany başga hili almakçydym aslynda. Howul-hara, çig-çarsylygyna goyupdyryn. Özüme bir döwür tikinçide: "Şu matadan tapawudym nâme?!" diyip sorag beripdim. Tikinçiden tikin öwrenmâge iberilyäñ, ilki özüñe tikip baslayañ, köynegiñ yañybir yarsyny tikip bolyañam wln, "Hany, geyip gör bolyamyka?!" diyyä tikimçi. "Yok smleri dogry çyzyp-kesdim layyk bolar, yartylygna ya yeñi yoklugna geyjek däl' diyyäñ. Bolanok. Gaytalaya, húñúrdeyär. Sesini gataldasy gelyär. Garaz, meñ üçin ezyetdi tikinçä gatnamak. Ejeme kôp iññilläpdim: "Dünyäñ puluny berip, niräñ kimine tikinçä gyzlaryny ugradyalar, dil kurslara wln bolanok" -dp, özúmä birje ay gatnadym

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç