Gir

Post

8 jogap

Dogrusy menem siz ýaly pikir etýädim. Häzirki döwürde hiç bir ene-ata öz perzendini, islegine seretmezden başyny birikdirýän däldir öýtýädim. Ýöne bar. Gyzy hakda ha gürrüň däl, hatda oglunyň: kaka, men plan gyzy halaýan, men şoňa öýlenmekçi" diýmäge het edip bilmedik maşgalalary hem bar.

Agam, siziň pelsepäňize düşünmek üçin ilki 50-den aşmalymyka diýýän men-ä. Ýöne içime düşdi dogrymy aýtsam, bu geçen makalada okan meseläme düýbünden başgaça garaýyş... We men bu ýerde, gelenime görä, "mata" meselesine deginmek isleýärin. Hakykatdan hem durmuş meselesinde köp gyz maşgala söz haky berilenok... We käbir gyzlarymyz özlerini bazarda satylýan "mata" ýaly alyp barýarlar, öz gymmatyny saklaýan gyz az... Ýene-de bir zat, söýgi meselesine men-ä özümiň düşünmeýändigimi boýun alýaryn. Başgalar hem düşünenok mençe we düşünmeýän zadyňa degmezlik käte iň gowusy bolup biler

Meniň ýazanlarym Siziň hekaýaňyz barada däldi. Şonuň üçin men ony aýratyn goýdum. Aýtjak bolan zadym, näme üçin bu tema siziň ýüzlenendigiňiz. Umumy söýgi hakynda ýaşlaryň pikiri, özüňi mata ýaly duýmak nämäni görkezýär. Islendik bir ýazgyny ýazmaga iterýän zat bolýar. Sizi galama ýapyşmaga, gyzyň özüni mata ýaly duýmagyna nämä sebäp boldy, ine şu temany gozgasym geldi. Umuman ýaş gyzlaryň durmuşa garaýyşlary meni gaty gyzyklandyrýar. Bu temany geljekde işläsim gelýär. Diňe gyzlaram däl, ýigitlerimizem. Ýöne olar bilen gatnaşygym bar bolansoň olary diňläp bilýän. Gyzlar welin maňa ýarylmadyk garpyz ýaly. Göwnüňize ýalňyş pikirler gelmesin. Ýazgyňyzy okan badyma ýürejige basypdym.

Menem oňa düşünýän. Ýöne şeýle gahrymany ýazmaga sizi näme iterdi? Gahrymanyňyzyň edýän pikirleri siziň aňyňyza nireden geldi? Öz başyňyzdan geçmedigem bolsa birinde görensiňiz? Birinde däl, köpüsinde görensiňiz. Ýogsa ony ýazmazdyňyz diýip pikir etdim. Meň özümä şeýle. Degnama degen, aňyma ornap maňa gün bermeýän zatlary ýazýan.

Ýene 2 jogap

Bir gezek kursda mollum: "Sen teke dâl öydyân" diyyâ. Menen ilki maña diyyändir öytmedim. "Men... maña diyyäñizmi?" diysem. "Howwa, tekä meñzäñok" diyyär. Yylgyraypdyryn: "Yok, mollum men teke!" Ay, biraz gaytalandy bu geplesik. Soñ öye gelip aynada garşa-garşa yüzüme seredyän, yüzümde de dagy başga tire ya milletlere çalymdaşlyk barmyka dp. (aslynda bu gereksiz çekişmedi, molluma gyzyklam bolmaly däl yaly partada oturan okuwçyñ milleti)

Şondaky yaly, hekayany on gezegâ okandyryn. Niresinde tâsirlenmeler gördükâ Ylyas aga dp. Kerim agany mekdepde okadylanda okan bolaymasam, soñ okap täsirlenenim yadyma düşenok. Kino kän göremok. (ejem kino kân görkezmezdi, hindi kino asyl görkezmezdi. goñşylañ biri "kän gòryän, gaty gowy" diyerdi. Bir gezek oglanlañ biri bn ejemizden bukulup hindi kino görmäge gidipdik. Gòryänem aglaya-gülyä-gargynya-begenyä. Bizem kino göryäniñ hem kinoñ üssinden gülüp gaydypdyk, soñam görjegem bolmandyk) Güyze geçip 4 kino gördüm: 1.The pianist 2.Atamyn penjegi 3.Kakam gaydyp geler 4.A separation Propagandany tagamny ysyny tapawutlandyryp bilyan dp hasaplayadym. Okamda saylap okayan.

Ýene 1 jogap

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç