
Post

6 jogap
ön bir int bar yerde beyleki makalany kopiyalap galypdym. 3nji bolsa gerek diysem dogry eken.
Ylýas aga, näme üçin goşgularyňyzy seýrek paýlaşýaňyz.Terjimehalyňyzda sonetler çemeni hem ýazanyňyzy aýdypsyňyz.Okamak isläris mümkin bolsa.Bir türk žurnalist bilen söhbetdeşligiňizi okapdym, şeýleräk mazmunly sözler aýdypsyňyz:,,Men esasan ak goşgy ýazýan.Ol žanr bolsa biziň ýurdumyzda meşhur däl, şonuň üçin hem okyjysy az bolýar.Emma türkçä terjime etmek isleýän kişi bar bolsa höwes bilen goşgularymy bererin".Ak goşgynyň hem türkmen muşdaklary köp ahyryn.Onsoňam paýlaşsaňyz bolar, biz siziň islendik 'reňkdäki' goşgyňyzy höwes bilen okarys :-)
Begençgeldi Orazowy bilemokdym.Maslahatyňyz üçin minnetdar! Şu wagt saýtlara çykarylan ähli goşgularyny okadym.Özboluşly, gowy ýazýan eken,muşdaklary-da köp.Poeziýa söýüjiler gyzyklansa B.Orazowyň goşgularynyň salgylanmasyny şu ýere berkidäýin: kitapcy.ru/search/Begen%C3%A7geldi%20Or…
,,Algy-bergi kimin söýüp, söýülip" indi düşündim bu setiriň manysyna. ,,Söýülýänim üçin söýmeli bolsam / Öňem az bolmandy söýenler meni" Halyl Kulyýew. Emma herne ynsan söýülse, uly ähtimallyk bilen özi hem ol kişini söýer-le.Poeziýada 'Senden gowyny nireden tapaýyn' diýlişi ýaly :-)
Başga bir söýginiň jogaby bolma, Öz söýgiň üçinem sorama jogap. Söýýänleri üçin zor bilen söýme, Söýmediler diýip ýagmagyn borap.
Goşgu Ezizowyň goşgularyna meňzänok öýkenip ýazylyp diýer ýaly ýöne 3 kuplet goşgam aýyl saýyl bolup duranok .ýöne 2 bendi gaty täsirli bolupdyr okaňda ýürege barýar. 19 ýaşda ýazylan .