Gir

Post

Ylýas aga, näme üçin goşgularyňyzy seýrek paýlaşýaňyz.Terjimehalyňyzda sonetler çemeni hem ýazanyňyzy aýdypsyňyz.Okamak isläris mümkin bolsa.Bir türk žurnalist bilen söhbetdeşligiňizi okapdym, şeýleräk mazmunly sözler aýdypsyňyz:,,Men esasan ak goşgy ýazýan.Ol žanr bolsa biziň ýurdumyzda meşhur däl, şonuň üçin hem okyjysy az bolýar.Emma türkçä terjime etmek isleýän kişi bar bolsa höwes bilen goşgularymy bererin".Ak goşgynyň hem türkmen muşdaklary köp ahyryn.Onsoňam paýlaşsaňyz bolar, biz siziň islendik 'reňkdäki' goşgyňyzy höwes bilen okarys :-)

2 jogap

Gurbannazaryň bar wagty ýazan sonetlerimi nabor etmeli. Kagyza ýazylan görnüşi bir ýerlerde ýatyrmyka diýýän. Iň soňky ýazan sonetlerimem ekizlerde bar ýaly bolup dur. Ak goşgularymyň köpüsini ýitirdim. Olary sorap Suraý gyzam poçtama hat ýazdy. Öňki ertirler komda goýupdym käbirini. Käbirem ertirlerdenem öň bir saýt bardy, soň adyny üýtgedip ertirler etdiler (ady ýadyma düşenok) şonda goňupdym. Repmaý bular diýişipdiler. Bolanjasyndan goýaryn. Türk jurnalistine jogap beremde 90-njy ýyllardy. Indi ak bolmasa-da aga ýakyn ýazýan köpeldi. Begençgeldi Orazowda şolaň gowylary bardy. Umuman gyzyklanma boljak bolsa ýakyn günlerde 50 ýaşan goşgulardan ýene goýaryn.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç