Gir

Post

@ilyas-a jogap

Ylýas aga, näme üçin goşgularyňyzy seýrek paýlaşýaňyz.Terjimehalyňyzda sonetler çemeni hem ýazanyňyzy aýdypsyňyz.Okamak isläris mümkin bolsa.Bir türk žurnalist bilen söhbetdeşligiňizi okapdym, şeýleräk mazmunly sözler aýdypsyňyz:,,Men esasan ak goşgy ýazýan.Ol žanr bolsa biziň ýurdumyzda meşhur däl, şonuň üçin hem okyjysy az bolýar.Emma türkçä terjime etmek isleýän kişi bar bolsa höwes bilen goşgularymy bererin".Ak goşgynyň hem türkmen muşdaklary köp ahyryn.Onsoňam paýlaşsaňyz bolar, biz siziň islendik 'reňkdäki' goşgyňyzy höwes bilen okarys :-)

Begençgeldi Orazowy bilemokdym.Maslahatyňyz üçin minnetdar! Şu wagt saýtlara çykarylan ähli goşgularyny okadym.Özboluşly, gowy ýazýan eken,muşdaklary-da köp.Poeziýa söýüjiler gyzyklansa B.Orazowyň goşgularynyň salgylanmasyny şu ýere berkidäýin: kitapcy.ru/search/Begen%C3%A7geldi%20Or…

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç