Gir

Post

@hanov_n-a jogap

Beýin ösdügiçede aň, pikirlenmek ukyby ýaly aýratynlyklaram ösýär. Soňra adamlar esasanam asmana seredip teswirlemek işini ýerine ýetirýärler (sebäbi başga etjek işlerem ýok), netijede näme döreýär, mifologiýalar döreýär. Bu mifologiýalaram halklaryň gatnaşmagy (uruşmagy, söwda) netijesinde başga halklara geçip, olaram üýtgedip, öz milli aýratunlyklaryna laýyklykda täze mifler döredýärler. Şol sebäpli hemme dünýäde şuwagt Nuh tupany, Syrat köprüsi ýaly ynançlar bar. Ýagny ilki mifologiýa döreýär, soňra din döreýär, soňra pelsepe döreýär (grek filosofiýasy), ondan soňra bilim döreýär. Ýagny bilim ulgamy täze zat, gaty täze, intek öňümizde millionlarça ýyl bar. Bizden millionlarça ýyl geljekgi atalarymyz biziň bilimimize seredip gülerler.

Zoroastrizm ýagny otparazlygyň hak dindigi Kurany Kerimde Haj süresi 17-nji aýatda ýazylan: "Takyk, Alla kyýamat güni iman getirenleriň, ýahudylaryň, sabylaryň, nasranylaryň, otparazlaryň we Alla şärik goşanlaryň arasyny aýyl-saýyl eder..." Wagtyň geçmegi bilen Zaratuştranyň bu dini hem ýalançy pygamberler Mazdak we Maniheý tarapyndan bozuldy.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç