Gir

Post

10 jogap

Güljegim we aglajagym barada karara geldim. Bu makala oturyp aglamaly. Bilim hakyndada diniň gelip çykyşy hakyndada nädogry garaýyşlar bar. Munuň üçin isleseňiz tankydy makala hem ýazyp bilerin. Jogap hökmünde...

Ýene 2 jogap

Bilim bilen dini biri biriniň içinden geçýän, sazlaşykly ulgamlar hökmünde däl-de, biri-birine garşylyklaýyn zat hökmünde aňastynda düşünjeler oýarmak üçin ýazylan makala...

@seneca 13 tankydy makala ýazjak diýdim welin, beýle sabyrsyz bolma inşalla agşam açaryn makala şonda okarsyň oturarsyň!

Ýene 3 jogap

Ahtopotdygňy ýazyş stiliňdenem aňdymlaý :) "Gurhandan aýat paýlaşmaly däl" diýen kanun barmy? Meniň teswirimi doly okasaň näme üçin paýlaşandygymy düşünse boljak. Siz ýene düşünjesizligňizi edýäňiz. Men dini çekeleşik üçin gelmedim. Men ýöne siz ýaly din hakynda ýalňyş düşünjelileri dogry düşünjä tarap göneltmek isleýän...

Ýene 7 jogap

Umuman, bu barada näçe gürlesegem az, örän giň tema bu. Gürlesem 2-3 sagat gürlärin bu barada, ýöne esasy zatlary bilmek gerek ilki.

Beýin ösdügiçede aň, pikirlenmek ukyby ýaly aýratynlyklaram ösýär. Soňra adamlar esasanam asmana seredip teswirlemek işini ýerine ýetirýärler (sebäbi başga etjek işlerem ýok), netijede näme döreýär, mifologiýalar döreýär. Bu mifologiýalaram halklaryň gatnaşmagy (uruşmagy, söwda) netijesinde başga halklara geçip, olaram üýtgedip, öz milli aýratunlyklaryna laýyklykda täze mifler döredýärler. Şol sebäpli hemme dünýäde şuwagt Nuh tupany, Syrat köprüsi ýaly ynançlar bar. Ýagny ilki mifologiýa döreýär, soňra din döreýär, soňra pelsepe döreýär (grek filosofiýasy), ondan soňra bilim döreýär. Ýagny bilim ulgamy täze zat, gaty täze, intek öňümizde millionlarça ýyl bar. Bizden millionlarça ýyl geljekgi atalarymyz biziň bilimimize seredip gülerler.

"Bizden millionlarça ýyl geljekgi atalarymyz" Nesillerimizmi ýa atalarmyzmy? Ýa v şoke...

Ýene 2 jogap

Birinjiden makalada käbir ýalňyşlyklar bar. "Bilim adamzat taryhynyň ilkinji gününden bäri kämilleşip gelýär" diýipsiň, ýöne adamzat taryhynyň ilkinji döwürlerinde bilim aňyrda dursun, pikirlenip bilmek ukyby ýokdy. Ilkinji adamlar diňe käbir mätäçliklerini ýapyp bilmek üçin hereket edýärdiler. Ýagny, doýmak, eklenmek, nesili dowam etdirmek, sowukdan, ýyrtyjylardan goranyp ýaşamak we ş.m. Ikinjidenem müňlerçe ýyldan soňra (bu ýyllar diňe dile ýeňil, aslynda aklymyz bu ýyllary almaga ýetmeýär, örän uly wagt) adamlaryň aň-paýhasy kämilleşip, ösüp başlaýar. Sebäbi adamzadyňam başda haýwandan tapawudy ýokdy (şuwagtam kän ýok), şuwagtky adamzada meňzänokdy, soňra beýinem kämilleşýär (ewolýusiýa geçirýär).

Bilim we din temasy gaty agyr tema seniň üçin, sebäbi bu näçe asyr bäri dogry jogap tapyp bolmadyk tema haýsynyň dogrydygy haýsyna ynanmalydygy. Entak bu barada aýdara zat kän...

Dogry jogap tapmak üçin bu tema barada köp pikir alyşmak gerek, şonuñ üçinem bu tema barada has gowy pikirler gerek. Geljekki mowzuklary yzarlamagyñyzy maslahat berýän.

Ýene 1 jogap

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç