Post
Beýin ösdügiçede aň, pikirlenmek ukyby ýaly aýratynlyklaram ösýär. Soňra adamlar esasanam asmana seredip teswirlemek işini ýerine ýetirýärler (sebäbi başga etjek işlerem ýok), netijede näme döreýär, mifologiýalar döreýär. Bu mifologiýalaram halklaryň gatnaşmagy (uruşmagy, söwda) netijesinde başga halklara geçip, olaram üýtgedip, öz milli aýratunlyklaryna laýyklykda täze mifler döredýärler. Şol sebäpli hemme dünýäde şuwagt Nuh tupany, Syrat köprüsi ýaly ynançlar bar. Ýagny ilki mifologiýa döreýär, soňra din döreýär, soňra pelsepe döreýär (grek filosofiýasy), ondan soňra bilim döreýär. Ýagny bilim ulgamy täze zat, gaty täze, intek öňümizde millionlarça ýyl bar. Bizden millionlarça ýyl geljekgi atalarymyz biziň bilimimize seredip gülerler.
"Şol sebäpli hemme dünýäde şuwagt Nuh tupany, Syrat köprüsi ýaly ynançlar bar" Hemme dünýäde? Bizden başga dünýäler açyldymy? Men habarsyz galypdyryn... Belkide dinlerde diýjek bolansyň? Ýeri bolýa Nuh tupany üç dinde bar. Bularam Semawi yagny Allatarapyn hak dinler. Ýöne ikisi Ýahudylyk we Hristiýanlyk wagtyň geçmegi bilen ýoýuldy. Nuh pygamber wakasyna meňzeş mifologiýa bolsa şumerlerde Gilgameş eposy, hindilerde Mahabharata eposynyň Manu hakynda rowaýat bölümlerinde agzalyp geçilýär. Diýmek bu dinler hem wagtynda "hak" bolan emma wagtyň geçmesi bilen bozulan. Geleli syrat köprüsine Syrat köprüsi yslam dininde bar. Zoroastrizm dininde bolsa Çinwat köprüsi diýen ynanç bar. Zoroastrizm hem aslynda semawi dindi.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
