Gir

Post

@agasoltan-a jogap

"çilim çekýän adam durmak üçin birnäçe gezek synanyşyp biler". durmak - taşlamak bolmalydyr belki. "Tok urmagy bilen itler haýran galdy" bu ýerdäki "haýran" hem nädogry terjime ýaly🤔. Dogrusy men-ä başdaky abzaslara düşünmedim, başgalar hem düşüner öýdemok. Agasoltan ýalňyş düşünmäň, Google translate ulanmak nädogry zat däl elbetde, emma ol bir makalany däl, hatda ýekeje sözleri-de köplenç ýalňyş terjime edýär. Şonuň üçin makala paýlaşmak isleýän awtor yhlas edip, wagt sarp edip, hemmelere düşnükli şekilde özi terjime edip ýazmaly makalany.

Elbetde Google translate-i hem peýdalanmaly, alternatiw sözlükleri-de. sapaga monjuk düzen ýaly edip sözlerden akgynly sözlemler ýasamaly, taraşlamaly, ýonmaly. Siz psihologiýa ugrundan talyp, gelejegiň psihology we işiňiz ynsanlaryň ruhy ahwallaryny çözmek bolmaly. Ýagny işiňiziň ilkinji orundaky serişdesi/guraly DIL bolar, gepleşmek bolar. Terapiýada siz ynsanlaryň dünýägaraýşyna, durmuşyna oňaýly täsir etjek sözler aýtmaly. Deýl Karneginiň hem öňe sürýän taglymatynda bolşy ýaly, ähli kär-hünärdäki adamlar üçin durmuşda iň zerur bolan zat dilewarlyk.

· 2 / 2

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç