Gir

Post

"çilim çekýän adam durmak üçin birnäçe gezek synanyşyp biler". durmak - taşlamak bolmalydyr belki. "Tok urmagy bilen itler haýran galdy" bu ýerdäki "haýran" hem nädogry terjime ýaly🤔. Dogrusy men-ä başdaky abzaslara düşünmedim, başgalar hem düşüner öýdemok. Agasoltan ýalňyş düşünmäň, Google translate ulanmak nädogry zat däl elbetde, emma ol bir makalany däl, hatda ýekeje sözleri-de köplenç ýalňyş terjime edýär. Şonuň üçin makala paýlaşmak isleýän awtor yhlas edip, wagt sarp edip, hemmelere düşnükli şekilde özi terjime edip ýazmaly makalany.

· 1 / 2

Elbetde Google translate-i hem peýdalanmaly, alternatiw sözlükleri-de. sapaga monjuk düzen ýaly edip sözlerden akgynly sözlemler ýasamaly, taraşlamaly, ýonmaly. Siz psihologiýa ugrundan talyp, gelejegiň psihology we işiňiz ynsanlaryň ruhy ahwallaryny çözmek bolmaly. Ýagny işiňiziň ilkinji orundaky serişdesi/guraly DIL bolar, gepleşmek bolar. Terapiýada siz ynsanlaryň dünýägaraýşyna, durmuşyna oňaýly täsir etjek sözler aýtmaly. Deýl Karneginiň hem öňe sürýän taglymatynda bolşy ýaly, ähli kär-hünärdäki adamlar üçin durmuşda iň zerur bolan zat dilewarlyk.

4 jogap

Teswir üçin sag boluň, türkmen dilinde ýazmagy synanşýaryn. Terapiýa barada bolsa, Iňlis dilinde okaýandygym üçin men rus we iňlis dillerinde geçirmegi meýilleşdirýärin sebäbi maňa has ýeňil gelýa. Meniň üçin makalam meniň ilkinji tejribäm, şonuň üçin Türkmen dilinde gyzykly we gerekli bir zat döretmäge synanyşýaryn ) Не судите строго ))

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç