Post
11 jogap
Mentalitet we dünýagaraýyş meselesi bu. Siz şeýle kabul eden bolup bilersiňiz. Bizde gyz-gelin "ahlagy", "edep-terbiýe" meseleleri gaty möhüm! A how adamlar, biz bärde "dogry-ýalňyşy" tapawutlandyrmagy millete düşündirip bilemzok, siz bärde gelip "öz düşünjäm" diýýärsiňiz... Ýaşamak üçin bilmek gerek, biz nämäni bilýäris ki başgalara söz aýtmaga hakymyz bolsun?
Ýalňyşmasam, feminizm (bolmanda - aýal-erkek hukugy) meselesi öýdýän. Teoriýada aýal-erkek deň hasap edilse-de, praktikada bu tersine. Mysal: Enelik hukugy-tebigy hukuk. Şony erkek adam islese-de bolup bilenok. Hemme detallary sanamagyň hajaty ýok , çagany ene süýdi bilen naharlamagam şuňa degişli. Maşgala bolmankaňyz enelik hukugyňyzy "ýoldaşyňyz" bilen "paýlaşyp" görüň! Nesip etse, bäbejik alaryňyz... "Olam" bäbegiň hossary, goý bäbege ol seretsin! Emeli süýt bilen ulaldyň, siz işläň, gazanç ediň, olam "ata-eke" (eneke) bolsun. Çaga ulalsyn, şo çaga size perzentlik mährini berer öýdýäňizmi? Bermänjik geçer! Şu gün maşgalada gyz maşgala-da, ejä-de, gelen geline-de "Sen otur!" diýýän az-az, ýogam. Nireden çykardyňyz bu meseläni?
Shu wagt bizin yurdumyzda shu mesele gaty aktual, gyzlaryn kopusi “Feminizm” dushunjesine dushunman men “femenist” diyyar. Sizin sheyle yagdayda bolmagynyza elbetde belli bir sebapler bardyr (podsoznaniyanyz tasir edyan bolup biler) gorenleriniz, eshdenleriniz, yashanlarynyz. Yone sheyle gyzlar bar, “ILIN PIKIRI” bilen yashamayan, siz azajyk hem bolsa jemgyyetin siz hakyndaky pikiri bn gyzyklanyanyz. Siz oz isleyshiniz yaly yashan dogry adam elbetde sizi tapar. Pis pisi tapar diyar, dogry adamam dogry adamy.
"Men erksiz ýaly. Menden garaşylýany gowja, “asylly” bolmak. Deko hemem hyzmatçy. Ilkinji wezipäň daş-töweregiňdäki erkekleriň bagtyny üpjün etmek. Bu hiç haçan göni we açyk aýdylmasa-da, bir ýerden kellede berk oturypdyr."shu yerde nähili göz bn garayanyñam möhúm.. Mysal ûçin men hiç haçan kakamyñ hyzmatçysy yaly duygyny bashdan geçirmedim. Men adamlar bn bir tabakdan nahar iyemok, iliñ suw içen käsesinden içemok, yöne ishden gelemde kakam menden ozal naharlanan bolsa, gabynda nahar-çorba-palaw tapawudy yok-galan bolsa shony gyzdyryp iymegi özüme kiçilik bilemok. (men ejemden galan naharam sheydip iyemok, oñam esasy sebäbi kakamyñ meñ bn gatnashyklary dp pikir edyan, hemem Ony iñ uly gahrymanym hasap etmegimdenem bolup biler
Bu nähili atmosferada yetishendigiñe bagly. Özümden mysal aljak, meñ bn kakam has kiçijikkämem maslahatlashardy. Hamala diyersiñ meñ pikirimi almasa shol ish ugrykmajak yaly. Meni elmydam uly adamyñ, onda da degerli adamyñ yerinde goyardy. Shoñ ûçin gyzlary 2nji derejeli ya da yene bir zat hasaplamadym.
Siz şu makalaňyzy iňlis we rus dillerine terjime ediʼn we beyleki sosial setlerde you tube instagram twitter link şularda hem paylaşsaňyz has yerine düşerdi
Aslynda mana sho dillerde pikirimi beyan etmegem has ansat dushyar. Yone nesip bolsa.
Ýene-de bir zady bek belläp geçmeli: ol hem, ýaşlaryň arasynda düşünjesizlik, ylymsyzlyk hassalygyň nä derejede ýaýrandygy we olara degişli zatlar bilen baglanyşykly. Käwagt käbir ýaş ýetginjekleri görüp "beýbä, şularam ene-ata bolmaly" diýip, içimi gepledenimi duýman galýaryn. Düşünjesizlik hassalygy ýaşlaryň gaty köp bölegini ýesirlige alan ýaly, ondan halas bolup bilenoklar. Ýaşlaryň zehin derejesi ortada läş ýaly serlip ýatyrka, başga günä geçisi gözlemek nämä gerek? Berdinazar Hudaýnazarowyňam aýdyşy ýaly, pis gowyny gözläp nätsin, elbetde pis-pisi tapar.
Bir pikiri gozgajak bolsaň, ol barada geljek islendik dürli garaýyşlara taýyn bolmaly bolarsyň. Eger bir pikir aýdyp hiç-hili garşylyga, tankyda, dürli pikirlere garaşmajak, duçar bolmajak bolsaň kelläňi guma gömüp ýatmagyňdan näme tapawudy bar munuň?! Heniz dürli pikirlere çydamlylyk diýlen zady bileňok, emma jemgyýetiň haýsam bolsa bir derdine em bolaryn öýdýäňmi?! Haýsy bir kişi pikirini öňe sürüp, gaçyp gidýär?! Diňe dürli pikirleri ret etmäge "elhenç" höwesli kişiler edýän bolaýmasa. Bir awtoryň iň soňky garaşýan zady şol bolup biler, emma hany ol "paýhasly" maslahatlar? Ýa-da her ýazylan zady ynsanlary nyşana ýemläp duran pälwanymyz ýaly bir agyzdan tankytlap, öz akyl doly makalaň daşyna ýemläýjek bolup durmuň?!
Ilki bilen özüňi seljermeli sebäbi hemme zat ilki özüňden başlanýar, "adamlar näme üçin maňa şeýle gelýär", "ýalňyş mendemi ýa-da olardamy", "meniň ýalňyş häsiýetim ýa-da düşünjäm, pikirim, garaýşym bolup bilermi" we ş.m soraglary özüňe bermeli. Sebäbi adam diýlen jandar günäni özünde däl-de başga birinde gözlemäge höwesekdir, sebäbi bu aňsat ýoldur. Ikinjiden, şuwagt patriarhal düşünjäniň gaty agdykdygyny pikir edemok, umumy gürlemek mydama ýalňyş, adamlaryň töweregi däl-de, ilki bilen maşgalasy basgylaýar gyz çaga boljak bolsa, diýmek ilki günä ene-atada, emma ene-atanyňam beýle düşünjesiz bolmagy ylymsyzlykdan, diýmek hemme zadyň gözbaşy ylymdan gaýdýar.
Şol sebäpli adamlaryň düşünjelerini ýazgaryp däl-de, muňa sebäp bolan zatlary ýa-da şertleri agtarmak bilen düzeltjek, üýtgetjek bolmaly. Häzirki günümizde iki jynsyňam dertleri, aladalary, gaýgylary ýetik we bir meňzeş. Meselem: oglanlar hem "erkeklik" düşünjesiniň astynda ýetişýärler, käbir zatlar olardan garaşylýar we etmedik ýagdaýynda "aýyp" ýa-da "ejizlik" hasaplanýar, e gyz çagalar şeýle, olaram bellibir belligiň astynda ýetişdirýärler, diýmek iki jynsyňam biri-birinden uly tapawudy ýok eken, şol sebäpli (dert meňzeş bolany üçin) oglanlary we bu meseleden alada duýýan, gaýga batýan hemme kişini agzap, şolara degişli jemleýji pikir tapjak bolmaly, hiç zat bilmän, iki sany pisiň hereketini ýazgaryp ýatmaly däl-de.