Gir

Post

@biraz_bashgacha-a jogap

Ýene-de bir zady bek belläp geçmeli: ol hem, ýaşlaryň arasynda düşünjesizlik, ylymsyzlyk hassalygyň nä derejede ýaýrandygy we olara degişli zatlar bilen baglanyşykly. Käwagt käbir ýaş ýetginjekleri görüp "beýbä, şularam ene-ata bolmaly" diýip, içimi gepledenimi duýman galýaryn. Düşünjesizlik hassalygy ýaşlaryň gaty köp bölegini ýesirlige alan ýaly, ondan halas bolup bilenoklar. Ýaşlaryň zehin derejesi ortada läş ýaly serlip ýatyrka, başga günä geçisi gözlemek nämä gerek? Berdinazar Hudaýnazarowyňam aýdyşy ýaly, pis gowyny gözläp nätsin, elbetde pis-pisi tapar.

Bir pikiri gozgajak bolsaň, ol barada geljek islendik dürli garaýyşlara taýyn bolmaly bolarsyň. Eger bir pikir aýdyp hiç-hili garşylyga, tankyda, dürli pikirlere garaşmajak, duçar bolmajak bolsaň kelläňi guma gömüp ýatmagyňdan näme tapawudy bar munuň?! Heniz dürli pikirlere çydamlylyk diýlen zady bileňok, emma jemgyýetiň haýsam bolsa bir derdine em bolaryn öýdýäňmi?! Haýsy bir kişi pikirini öňe sürüp, gaçyp gidýär?! Diňe dürli pikirleri ret etmäge "elhenç" höwesli kişiler edýän bolaýmasa. Bir awtoryň iň soňky garaşýan zady şol bolup biler, emma hany ol "paýhasly" maslahatlar? Ýa-da her ýazylan zady ynsanlary nyşana ýemläp duran pälwanymyz ýaly bir agyzdan tankytlap, öz akyl doly makalaň daşyna ýemläýjek bolup durmuň?!

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç