Post
Ýene-de bir zady bek belläp geçmeli: ol hem, ýaşlaryň arasynda düşünjesizlik, ylymsyzlyk hassalygyň nä derejede ýaýrandygy we olara degişli zatlar bilen baglanyşykly. Käwagt käbir ýaş ýetginjekleri görüp "beýbä, şularam ene-ata bolmaly" diýip, içimi gepledenimi duýman galýaryn. Düşünjesizlik hassalygy ýaşlaryň gaty köp bölegini ýesirlige alan ýaly, ondan halas bolup bilenoklar. Ýaşlaryň zehin derejesi ortada läş ýaly serlip ýatyrka, başga günä geçisi gözlemek nämä gerek? Berdinazar Hudaýnazarowyňam aýdyşy ýaly, pis gowyny gözläp nätsin, elbetde pis-pisi tapar.
5 jogap
Ýöne ýok bolany üçin diňe öz tejribämden gürläp bilýän, we şony gural hökmünde ulanyp bilýän we daşyndan başga adamlaryň tejribesi bilen deňeşdirmäne garaşýan, şo barada gürrüňüň açylmagyna garaşýan. Sebäbi ýeke däldigiňi görmek bilmek eýýäm gowy. We köplenç meňki dogry bolýa, sebäbi aýallaryň başdan geçirýäni azda kände şo meniň beýan edenim ýaly. sebäbi agzyňy köpürdedip näçe “her kime-de kyn, özüňi bilmeli” diýen gürrüňi hemmämizem edip başarýas. Maňa gürrüňiň açylyp bilinjek bir meýdançasy gerek, “ýaşlar düşünjesiz, ene-atalar düşünjesiz” ýaly taýýar problema hem-de taýýar çözgüt meni gyzyklandyranok. Jan Jennet diýip agzaň ýazan teswirini oka, şoňa men idili jogap berip bilerin, sebäbi teswir idili.
Çaga düşündiren ýaly her bir zady düşündirmeli-dä indi men saňa. Ýalňyş düşündiň, pikir alyşmaga aslynda taýýar we açyk biri. ÝÖNE, hemä tankyt bermäni başarmaly garşymdaky, iň gowusy obýektiw bir şekilde, hemem pikir alyp-çalşýanyny bildirtmeli, soralmadyk akyly satjak bolyan ýaly garşyma geçmeli däl. Sen ilki bir zada “tankyt” ýazmakaň, biraz oturyp pikirlen, “meň ýazýan zadymyň bu adamyň ýazan zadyna bir dahyly barmy”, ýa-da “ýazan zatlarym bir pikir çalyşma prossessini başladyp bilermi” diýip. Meniň ýazanlarym bir ylmy makala däl, ýa iň aňyr başdaky hakykaty beýan etme däl. Men ony hem edip bilerdim eger elimde Türkmenistandaky aýallaryň ýagdaýy barada elimde ýeterlikli informasiýa bolsa, statistiki maglumatlar bolsa.
We maňa "açyk kelle bilen okamaga synanyş" diýip, maslahat beripsiň. Meniň aýdan zatlarymy "pylan et" diýip aýdamok, ony et diýsem bu ýazyş stiliň bilen dünýägaraýşyňy görkezşiň ýaly has gowy taraplaryňy görkezersiň, men diňe öz düşünjämi beýan etdim, makalada ýazylşy ýaly. Aglamaga höwesek çagalar ýaly taýyn bolup durmagyň manysy bardyr öýdemok, haçan pikir alşar ýaly bir makala açylarka...
Bir pikiri gozgajak bolsaň, ol barada geljek islendik dürli garaýyşlara taýyn bolmaly bolarsyň. Eger bir pikir aýdyp hiç-hili garşylyga, tankyda, dürli pikirlere garaşmajak, duçar bolmajak bolsaň kelläňi guma gömüp ýatmagyňdan näme tapawudy bar munuň?! Heniz dürli pikirlere çydamlylyk diýlen zady bileňok, emma jemgyýetiň haýsam bolsa bir derdine em bolaryn öýdýäňmi?! Haýsy bir kişi pikirini öňe sürüp, gaçyp gidýär?! Diňe dürli pikirleri ret etmäge "elhenç" höwesli kişiler edýän bolaýmasa. Bir awtoryň iň soňky garaşýan zady şol bolup biler, emma hany ol "paýhasly" maslahatlar? Ýa-da her ýazylan zady ynsanlary nyşana ýemläp duran pälwanymyz ýaly bir agyzdan tankytlap, öz akyl doly makalaň daşyna ýemläýjek bolup durmuň?!
Birinjiden, bir awtor şeýdip pikirleri bilen paýlaşanda iň soňky garaşýan zady nämäni nähili kabul edip, özüniň nähili alyp barmalydygy baradaky “paýhasly” maslahatlar. Näme barada ýazyp, näme barada ýazmajagymy sen aýtmalymy? Ikinjiden, pikirlerde oglanlaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada söz aýdylmadyk bolsa, onda awtor o zatlary bilmeýänliginiň alamaty däl. Hemme kişi hemem hemme zat barada ýazmak üçin dünýäň sahypalary ýetmez. Haýsy ýerde “günä geçisini” gözleýänim göwnüňe göründi? Ilki ýazylanlary açyk kelle bilen okamana synanş, öz kelläňdäkileri men ýazan ýaly edibem jogap bermegiňi belki goýarsyň.