Gir

Post

3 jogap

Şu ýazgyny okap, özümiň nä derejede türkmen dilinden üzňedigime göz ýetirýärin, özümi 'samsyk' duýýaryn.

Eli çarşakly aýal diýlende, "Şaýly gelin" komediýa filminde Orazgül Abbasowanyň eline çarşak alyp, goňşy gelne "Sygyr sagyşy müň gyza degýär, wah, asgyryşy million gyza degýär diýip, lak atan adamsyna haýbat atyşy ýadyma düşdi :-).

Juma Hudaýguly ýaly ussat ýazyjy halypaňyz bolsa, siz şansly ýazyjy. Onuň döredijiliginden ilkinji diňlänim (sesli kitap) "Keteni". Men "Gara kelleleri" (okajaklar üçin: biz.islenen.ru/edebiyat/18021-gara-kell… ) ýetginjeklikde okan bolsadym, içindäki "kod" sözlere we hekaýanyň manysyna düşünmezdim... Indi Gülendam obrazy hakda... pygamberleriň aýallary we salyha zenanlar hiç wagt zyna etmäge mejbur bolmandyrlar (bilşime görä), çünki olar çykgynsyzlyga düşünde Gudrata şaýat bolupdyrlar. Hz. Merýem hamyla wagty iýmitini Jebraýyl melek getiripdir, ýa-da Ysmaýyla suw gözläp Safa Merwe daglarynyň arasynda elewreýän hz. Hajar üçin Zem-zem çeşmesiniň döremegi we ş.m. bular zyna etmäge mejbur bolmazlar, bulary hasap

etmäliň. Bulardan başga zenanlaryň uruş döwrüniň gytçylygynda, aç-mätäçliginde Gülendam bolma ähtimallygy 100-de näçe göterim.Takmynan bir zat aýtmaga-da dilim baranok welin 98% bolaýmasa...bilemok-da bu sowala ejeler jogap bermeli. Netije-de, "başy agyrmadygyň ýanynda başym agyrýar" diýmeli däl. Gülendam bolmak hem ÝÜREK islär (talap eder manysynda)