
Post

14 jogap
Başdan-aýak okadym, many çykaryp bilmedim. Ylmy makala welin, terjimesi - it otlan ýaly. Negatiw teswirem - teswir.
@bagul08 , 6 dilde gurlap, 3 dilde yazylan makalalaR <<< Istanbul Medipol Uniwersitedynyň Psihologiýa fakultedynyň okuwçysynyñ yazan makalasY.
Onda näme üçin "makalam" diýip atlandyrýarsyň? Özüňki däldigini aýtmaly ekeniň başdan. Men meselem şeýle düşündim aýtmanyňdan soň. Ok Faktlary hem kimdir biri döredýär, ylma girizýär. Bäh indi öwredip oturmaly bolarmyka? Bolýar-da sag bol
Negatiw görunse-de aytmaly bolyan. Hazir ýylgyryp, beh bu pikiri, bu sindromy nadip oylap tapdyň. Berekella. Sen geljekde bu sindromy anyklap bilersiň diyip yalan sozlesem, mylakatly görunsem, onda sen hijem ynanmarsyň soňundan bu pikirleriň özůňki daldigine. Şol sebapden Ezizowyň sozleri bilen aytsam , gerek yerinde "tumşugyňa kakyan gödeklik yagshy" Yalan zatlara mylakatly bolup bilmeyarin.
Hiç kim psihologiki faktlary öz pikirleri diýip atlandyryp bilmez - olar ylym taýdan esaslandyrylan. Bular meniň pikirlerim diýemok, bular hatda pikirler däl, bular faktlar, teoriýalar. Hiç kim sizden mylakatyňyzy soramaýar. Ýöne bular meniň pikirlerim däl - bu faktlar )
Men saňa синдром импостера bashdan gecir diyip arzuw edemok. Ýalňyş sözler ulanma. Men saňa sho sindromy özűňde tejribe edip gör diydim. Sebabi shu sindrom ýalançynyň sindromy. Őň bar maglumaty meniňki diyip paýlashyan adamlara gerek bolar, tuys şolaryň özüne laÿyk ekeni diyip aytdygym boldy
Sen őzüňe gynan. Wikipedia maglumatlaryndan ybarat makala ýazypsyň. Inlis rus turk dillerinden material toplap makala ýazdym diyyaň. Owadan edip aydyaň. Iňlis rus turk dilinde bar zady turkmencä gecirdim diyen bolsaň dushunerdim. Bar bolan materiallary haysy dilden alanyňdada seniň pikiriň däl ol
Psihologiýa döretmeýändigim we täze bir hadysany açmandygym hemmelere düşnüklidir, gyzykly hadysany we köplere kömek etjek bir makalany paýlaşdym, bular meň pikirlerim diýip hiç ýerde ýazmadym, bularyň hemmesi psihologiki taýdan subut edilen faktlar))
Shu saytda in halayan postum boldy. Men-a antidepresent kabul edyardim. Problemany indi bildim. Psihologiya hakda koprak post goymagynyza garashyan.
Kimdir biriniň bu sindromy başdan geçirmegini arzuw etmek gaty negatiw, size has köp paýhas we ýagşylyk arzuw edýärin😊
Синдром самозванца , синдром чужака, синдром импостера. Wikipediyada senin aydan zatlaryň bar ekeni. Őňem aydypdym bar zatlary öz adyňdan berip yormeli däl diyip. Oz tertibi bar meselem internet maglumatlary esasynda tayyarlandy ya salgysy, ya pylan mugallymyn leksiyasy. Garaz, senin öz shahsy pikiriň bolmasa şeytmeli
Wikipediany psihologiýany öwrenmek üçin ygtybarly çeşme hasaplaýan bolsaňyz, size gynanýaryn. Iňlis, rus we türk dillerinde okuw materiallaryna esaslanýan makalalar ýazýaryn we amatly bolmagy üçin hemme zady bir makalada ýygnaýaryn. Ondan öň çeşmesini görkezmek soralmady, şonuň üçin goýmadym. Teswiriňiz üçin sag boluň, hökman göz öňünde tutaryn ))
Psihologiýa barada maglumatlara bize ýetirip durarsyňyz diýip umyt edýäris. Galymyňyza bereket.
Şahsyýetdäki psihologiki näsazlyklara biziň halkymyz köplenç "sen mes bolýaň" diýýärde goýaýýar :)
Psihologiýa hakynda makalalar ýazylmagy diýseň tolgundyrýar. Tüweleme okaýan ugruňyz diýseň gyzykly :)
Psihologiýa hakykatdanam biziň jemgyýetimiz üçin zerur bir kär. Emma, bu käre bizde näme üçindir kän bir üns berilmeýär. Berekella.
Hawa dogry, häzirki wagtda psihologiýa käri jemgyýetimizde meşhur däl, ýöne ýakyn wagtda gündelik durmuşymyzda möhüm boljakdygyna ynanýaryn.