Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

''5 maýmyn" barlagy

1 minut alar

''5 maýmyn" barlagyny (iňlisçe: Five monkeys expriement) öň eşiden bolmagyňyzam mümkin. Bu barlag Jorj Robert Stefenson tarapyndan geçirildi diýlip çaklanylýar. 
Barlag şeýle amala aşyrylýar:


Bir uly kapassa 5 sany maýmyn salýarlar we ýokary banan goýulýar. 

Maýmynlaryň biri ol banany dyrmaşyp aljak bolanda 5 maýmyna hem güýçli basyş bilen suw sepilýär.

Bu ýagdaý 2-3 gezek gaýtalanýar we indi dyrmaşan maýmyn suw sepilenden soňra galan 4 maýmyn tarapyndan urulýar. Birgün 5 maýmynyň birini çykaryp, ýerne hiçzatdan habarsyz başga maýmyn salýarlar. Ol maýmyn hem banana dyrmaşýar we 4 maýmyn tarapyndan urýarlar. Şeýdip öňki maýmynlary bir-birden çykarýarlar. Netijede: hiçwagt suw sepilmedik 5 maýmyn banana dyrmaşmaga çalyşmaýar. Ýagny öň suw sepilýänlgini görmedik maýmynlar hem ol banana dyrmaşmak howply hasap edýärler. 
Bu barlaglardan birnäçe netije çykarmak bolar. Adamyň hem tebigaty şoňa meňzeş bolup durýar. Durmuşda hem şoňa meňzeş wakalar bolup bilýär. Muňa mysal: Bir adam bir kärhana gurýar we şowsuzlyga üçraýar. Soňra onuň şeýle bolanyny görüp başga adamlar barlap hem görmeýär.

 Mundan başga-da müňlerçe mysal getirmek mümkin. Elbetde bu ýerde maksadym birniň başarmadyk zady siziň hem başaryp bilmejek zadyňyz hasaplamak dogry däldigini görkezmek. 

97 |
|