Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hiçkim

2024-2025ý, aýdyňlanma...

4 minut alar

Salam!

Ömrümiň ýene bir 365 güni geçip gitdi, öňümde ýene näçesi bar bir Allah bilýär. Kän bolsa gowumy ýa-da az, men-ä entäk çözmedim. Haýyrlysy...


Geçdi birgiden wagt, sanasaň kän ýaly emma duýulanda welin, sanalgyja ýatlamalaryň toplumy ýaly. Wagt, ýaradylyş, ýaşaýyş - gaty täsin zat, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Adam we adamzat, olam şolar ýaly, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Isleg, talap, zerurlyk, borç, mejburyýet, erk, yrada, hökmanylyk, tötänlik, bagt, şowlulyk, ýazgyt, kysmat, nesibe, bereket, rysgal, rowaçlyk, üstünlik - hemmesi biri-biri bilen bagly zatlar eken. Emma şularyň ählisiniň boýun bolmaly bir zady bar eken olam ahlak bilen iman. Ähli zady iki taraply tanapyň ujuna daňmasaň, durjak gumany ýok...

Bu ýyl ajy hakykata göz ýetirdim. Durmuş gapma-garşylyklardan doly (bu täzelik däl), ömür gysga, wagt çäkli, mümkinçilikler çäkli, bagt çäkli, söýgi çäkli, baýlyk çäkli, akyl çäkli, giňişlik çäkli, Älem çäkli, ölüm, dogulyş, ýaşaýyş - çäkli; hemme zadyň başy bar, soňy bar... Çäksiz zat, pikir, ynanç. Ynamyň çägi ýok. Adam nämä ynansa şoňa öwrülýär, şol gymmatlygy (idealy) özüne siňdirýär. Ýagşylyk bilen gowy zatlara ynanýanlar az, durmuşyň, ýaşamagyň gowy zatdygyna ynanýanlar az, Älemi, tebigaty öz teninde duýup bilýänler az, söýginiň, gudratyň ynsanyň daşyny gurşap alýandygyna ynanýanlar az, tersine, durmuşyň ýaşamak ugrunda göreşdigine ynanýanlar, basdaşlyk bolmazdan ösüşiň bolmaýandygyna ynanýanlar kän, durmuşyň, ömrüň azaplardan doly synagdyna ynanýanlar kän, erbetlikleriň gowulyklardan kändigine ynanýanlar kän, gudrata, nesibe bilen şowlulyga ynanýanlar az... Belki şondan ýaşamak kyndyr?!..


Öz ýaradanymyza ynam etmekde kynçylyk çekýäris... Ol seni ýaradan, sen Ondan dörediň we Oňa hem bararsyň, sen Oňa degişli (2:156).


Meseleleri özbaşdak çözjek bolýas käte, kynçylyklara gabat gelsek özümize bil baglaýas, ukyplarymyza, başarýanlarymyza, bilimimize ynanýarys (ynsan şeýle bir egoist barlyk)... Ýöne seni Ýaradan, seni eý görýän, seniň ýeke-täk Hemraň seni kösemek üçin, saňa zyýan bermek üçin bir zat edermi? Dert berse dermanyny berer, mesele dörese çözüwini... Başyňa gelen ähli zat Ondan, ýagşylygam, ýamanlygam, sen ony hak etdiň! Ýa amalyň bilen, ýa-da niýetiň.


Onuň möçberinde ynsanyň gaty ownuk barlykdygyna akyl ýetirdim. Bütin ömrüňe hars ur, gazan, gaýrat et, ýöne edeniň senden soň hiç... Emma Onuň edenleri baky, sen olary gözüň bilen görüp dursyň, aňyň bilen özleşdirip, duýgularyň bilen duýýarsyň. Onuň edenleri seniň geçmişiňi, geljegiňi we külli ýaradylyşy gaplap alýar, seniň edenleriň bu beýikligiň milliardda birine degýärmi? Dünýe malyny ýygnan Harundan näme galdy? Allahyň rugsady bilen bir hepdede şäher guran Süleýman şadan habar ber, näme galdy? Ýedi yklymy özüne tabyn eden Aleksandrdan nä habar? Hany beýik imperiýa? Biz bulary diňe okaýarys, eşidýäris... Bular adamzat taryhyna keşp beren şahsyýetler. Eden işleri adamzat üçin ullakan, ýöne näme manysy bar? Gel, beýikleri bir gyra süýşüreli, seredip görseň näçe "uly-uly" adamlar bar, mal-mülk eýesi, wezipe eýesi. Wagty dolansoň olardan näme galdy? Diýjegim, näme edeňde näme? Kim bolaňda näme? Barybir gidýäň, gidýäs... Dünýe ýalan, ölüm hakykat. Eliňden gelse taryh ýaz, haýyr işler bilen meşgullan, adamlara, adamzada peýdaň degsin. Bolmasa edeniň näme manysy bar? Bu dünýäni gazanjak bolup o dünýäni pida etmäge degýärmi ýalan dünýe? 

Hemmämiziň elimizden gelýän bir haýyr iş bar aslynda... Olam özünden soň iman bilen ahlagy güýçli bolan zürýatlary goýup gitmek! Sen günäkär bol, etmişiň erbet bolsun, ýöne dowamatyň berk bolsa, nesiliň imanly we ahlakly bolsa, jemgyýete uly goşant goşarsyň! Pikir ediň, hemmämiz özümizi bir gyra süýşürip çagalarymyzy il-güne haýyrly, Allaha wepaly edip ýetişdirsek nesilme-nesil düzeltmerismi hemme zady?.. Elimizden ullakan kärhanalary açmak, halka çörek bermek gelmese-de, ýurdumyzy gülletjek ekonomist ýa-da alym bolup bilmesek-de, ýere bir däne sepip müň däne alýan daýhan bolmasak-da, ýurduň geljegini şekillendirýän mugallym bolmasak-da geljekki işewürleriň, alymlaryň, ekonomistleriň, daýhanlaryň we mugallymlaryň ene-atasy bolup bileris. Çagalarymyza kän wagt aýyralyň, edebine, ahlagyna, imanyna üns bereliň, hereketlerimize, gepimize-sözümize üns bereliň! Geljegimizi ýakmalyň öz ellerimiz bilen...

Dünýäde mal-mülkden, abraýdan we wezipeden möhüm kän zat bar. Allah bize ähli gowulyklary nesip eýlesin,

La Ilaha illallahu we Allahu-ekber, Sübhanallahu we Elhamdulillahu ýa Rabbel-Älemin!

Ämin...

 

Hemmämiz durmuşda öz sahnamyzyň aktýory
58 |