Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hudožnik

ZENAN HEKAÝATY...

3 minut alar

Zenany tanap bolar, aňlamak mümkin däldir... 
Sokrat V asyr.

M. Annanurowa, “Tomirisiň ýeňiş tansy” 

“Zenan hekaýaty” spektakldan Erenleriň giriş gazaly.

Älemde torç edip sagy hem soly  
Kän ýerden geçipdir türkmeniň ýoly  
Ýollarda gol aşyp, gonak bolupdyr  
Menziller külterläp, tanap bolupdyr  
Heňňam a:tly lasyrdaýan gazanda -  
Taplana, taplana polat bolupdyr  

Bu ýowuz taryhyň her sahabynda
Gerçek- är kişiler goýsalar yzyn
Diňe bir ärler däl, gaýraty bilen
Edebi hünäri, sungaty bilen  
Döwüşi-söweşi şöhraty bilen
Taryhy bezäpdir türkmeniň gyzam.  

Tomi:risler, Törebegler,Türkanlar  
Paraw bibi, Daýahatyn- Soltanlar...  
Zülýakadyr aýhalkalara siňip
Almaz gylyç, aýpaltalara siňip
Synny, darak, ýüpek tarlara siňip
Goşgy-gazal, aýdym-sazlara siňip  
Mukam bolup ýaňlanyp dur çar ýandan!..  

 

M. Annanurowa, “Düýşümde bir bilbil gördüm - 1” 

Gözleri ala sen-sen  
Kamaty daly sen-sen  
Bazy-bazy göwünleň-  
Dermany-däri sen-seş  

M. Annanurowa, “Düýşümde bir bilbil gördüm - 2” 

Harmany gül harmany 
Däli köňül dermany 
Aşyklaryň  armany- 
Arzuwy zary sen-sen 
 

M. Annanurowa, “Düýşümde bir bilbil gördüm -3” 

Ak gollary düwmeli
Günde görüp öwmeli
Şam-u säher söwmeli-
Aýşy-humary sen-sen
 

M. Annanurowa, “Düýşümde bir bilbil gördüm -4” 

Aý batyran gijeler 
Nesip çeken bijeler
Men-men diýen nijeleň
Soltany hany sen-sen 

Meniň pikirimçe: Dünýäde dört sany dörediji keramat bolup, olar-Ýaradan, Zenan, Tebigat, we Sungatdyr.

 Hawwa, olaryň dördüsi hem ýerine ýetirýän funksiýasy boýunça, diňe özüne mahsus närseleri döretmäge ukyplydyr. Olaryň bu keramatly, pynhan borjy, tebigy ýagdaýda düşündirip bolmaýan, jedelsiz hakykat- aksioma hökmünde, kabul edilendir...  

Welilik satmawer hyýalbent Göwün!
Belki sen olaryň hiçisem dälsiň
Bir goşawuç umyt bilen ýugrulyp-
Eýi ýeten bir ýanawuç Hyýal sen!.

 Nämüçin Zenan hekaty!?

 Umumy döredijiligimde ýerine ýetiren  işlerimi jemläp, manydyr-pikir çugdamy boýunça ýerli-ýerinde goýdum edemsoň, özüm üçin täsin bir açyş eden ýaly boldum. Bütin pikir-hyýalymy siňdiren işlerimiň içinden zenan temasynyň basalyk argaç ýaly geçip, agramly bölegini zenan dünýesine bagş edenligimi, şonda duýup galdym. Elbet-de, dünýäni, durmuşy zenan gözi bilen synlap, kalby bilen ölçerip, zenan aňyndan süzüp karara gelýändigim üçin  ol şeýle bolandyr.  
  Elbet-de, bularyň hemmesi, her kimiň, özüne meňzeş zady döredýänligi üçin şeýle-de bolaýmalydy. Ýogsa, öz-özüňden, öz Älemiňden çykyp nirä gitjekdiň ahyry, sen eý, Zenan!.. 

Meniň pikirimçe: Şekillendiriş sungaty, ýeke söz aýtmazdan, hemmelere düşnükli bolan aýdymdyr...

Kämillik ýaýlasy eý Zenan dünýäm-
Tämizlik galasy-edebim-haýam!
Ojagym, tüýnügim, sütünüm-söýäm
Buýsanjym, gaýratym, tumarym, dogam
Söýenim, söýlänim, gazalym, nowam
Käte köwsarlaýan goh-bilen gowgam-
Bularyň barysy-dowamat, dowam
El bukjama epläp-epläp salanym
How enemden galan, heserli Dünýäm!

M. Annanurowa, “Nepis miras”

Hudaý bilen adamyň arasynda ene-ata durandyr». Ekkleziast

  Wagt geçýärmi, ýa biz wagtyň üstünden geçip durusmy, belli däl... Ynha, çogy ýapyrlan tamdyryň howruna ýaňaklary nar ýaly gyzaran ejemiň «Getir, gyz, çaltyrak» diýen sesini eşidip, dürtüp bolan çörekli gapagy egnime göterip, ylgaşlap barşym...
 Hawwa, Hudaý bilen ikiaralykda duran ynsanyň sesi, gyrasy alajaly kendirikdir hamyrmaýanyň ysy... Çolaşan kelebimizden uç gözläp, gümra bolup oturan enemiň hiňlenmesi we ýene-de gaty kän zatlaň täsiri, türkmen düzgüniniň ýyljak hem lezzetli owazy bolup, kalbyma ornapdy. Töründe gaýma gaýalyp, jähek çalynýan, ýorgan gaplanyp, keçe güllenýän. Dessanlardyr dutara, şonuň bilen birlikde, beýik dünýä medeniýetine uly sarpa goýulýan, eziz ojagymyz, türkmeniň asylly, mähirli ody sende ylaýym alawlap dursun!  
 

|