Halyçy
Ýylmaz Erdogan'dan ssenaristlik sapaklary
7 minut alar
Kyssaçy, ssenarist, pýesaçy, žurnalist... islendik ugurda ýazyjy bolmak üçin bilesigeliji bolmak möhümdir. Ýazyjylygyň ýarysy syn etmekden ybaratdyr, muňa öýden başlaň.
Okamagy söýseňiz ýalňyz galmarsyňyz, boş wagtyňyz bolmaz. Hatda, wagta "boş" diýmersiňiz.
Ssenaristlik - Allah'yň ýazan ssenarisine syn edip, şaýat bolup, wakalary Onuňky ýaly hakykatçyl beýana (ýazga) getirip bilmekdir.
Meşhur munazara (çekeleşme) bardyr:"Köp okan has köp bilermi, köp gezen?" Men muňa üçünji saýlaw bilen jogap berýän - köp bilesigelijilik (merak) eden. Köp bilesigelijilik eden köp okar, köp gezer, köp sorag eder. Köp sorag edýän kişi danalyk ýolundadyr.
"Gerçek" bilen "Hakykat" tapawudy.
Meselem: Iki sany jübüt restoranda nahar iýýär. Bu epizodyň GERÇEGI şu: gepleşenoklar, diňe takyr-tukur gap-gaçlardan ses çykýar. HAKYKAT bolsa şu: olaryň söýgüsi, duýgusy, gyzyklanmasy gutarypdyr. Bu ýagdaýda biri beýlekisine:,,Ezizim, biz nähili bagtsyz, şeýle dälmi?!" diýmez. Bolup biläýjek dialog:,,Duzy uzadarmyň" sowuk ýüzlenişden ybarat bolar. Netije:
GERÇEK - görünýän zatlar.
HAKYKAT - görünmeýän tarap, kökmany (altmetin; подтекст; subtext).
Ýagny, ssenarist, režissýor we artistler GERÇEGIŇ (görünýäniň) üsti bilen HAKYKATY (kökmanyny; podteksti) tomaşaça ýetirip bilmelidir. (Derwüş: podtekst näçe ýokary göterildigiçe, tomaşaçynyň çözmeli tapmaçasy şonça kynlaşýar).
2-nji bölümden
Öňesürüş (Önerme)
Kyssaçy nämedir bir zady göni ýa-da gytaklaýyn öňe sürer. Režissýor Nuri Bilge Jeýlan öz filmlerinde tomaşaça ýetirmek isleýän başpikirlerini (ideýa) gytaklaýyn, gizlin beýan edýär. Meniň "Vizontele" filmimde ideýa açyk beýanda - telewizoryň oba gelmegi, gelmezinden öň adamlaryň ony "radionyň şekilli görnüşi" diýip atlandyrmasy, tolgunmalary we ş.m. Ýagny ol filmimiziň ideýasy TV enjamy.
William Şekspir "Romeo we Julýetta" eserinde şu ideýany öňe sürýär: "Söýgi - ugruna janyňy pida edip boljak duýgudyr". Ylalaşyň ýa-da ylalaşmaň, bu ýazyjynyň öňesürüş pikri. Dünýäde şeýle aşyklar hem bar, "dillere dessan" diýilýäni. Biziň illerde-de özboluşly söýgi beýanlary bardyr:"Gözelligiň bäş teňňe gymatynda, eger mendäki bu yşk bolmasa" ; "Gözelligiňe kimse ähmiýet berenok, diňe men parhly garaýan" halk içindäki meşhur jümlelerimiz.
Özboluşlulylyk
Ähli suratçylar diňe gözleri bilen görýän peýzažlaryny, şekillerini surata geçirsediler hemmesi meşhur suratkeş bolardy. Emma beýle zat ýok! Saýlanmak üçin özboluşlulylyk zerur. Suratkeşlikde özboluşlulylyk diýemizde ilki aklymyza gelen Pablo Pikasso (Derwüş: men-ä halamok şonuň eserlerini (-:) bolar.Meselem, Italiýanyň üstüne çozuş edilmegini hiç kim onuňky ýaly üýtgeşik suratlandyrmady, ýa-da özüniň 3 sany awtoportretini deňeşdiriň, birinjisinde ynsan keşpli,real, üçünjisinde nämedigi näbelli, "çaga" stilli.
Çekeleşik (çatışma)
İki sany ynsan bir sahnada bolsa we bular biri-birine "seňki dogry; ylalaşýan; tassyklaýan; dogry aýdýaň" diýip, tassyklaşyp dursalar tomaşaçylar ýadar, gitmek islär. Gapma-garşylyk, konflikt eseriň zerurlyklaryndan biridir. Şeýle-de, päsgelçilik hem dartgynlylyk döretmek üçin möhümdir.
Her öý - ssenariniň köküdir.
Size lenji çykan jümläni aýtjak - wakalary real durmuşdan almaly. Her bir ssenaride baş gahryman bardyr we olary dünýä inderen ejesi-kakasy bardyr. Klassik ýaly görünse-de, aslynda ähli eserlerdäki eje-kakalar tapawutly. Adamzatda biri-birekden tapawutly häsiýetler bardygy üçin hem, heniz aýdylmadyk hekaýalar bardyr. Meselem, meniň kakamyň öýdäki we umuman şadyýan ynsan häsiýetini men bilýän, emma men ony tä bir filmde obrazlaşdyrýançam siz bilip bilmersiňiz. Diýmek, her bir ynsan ömri hekaýalaşdyrylmaga mynasypdyr.
Çaga wagtym enemiň burma bilezikleri bardy we ony satyp TV aldyk. Şeýlelikde, TW-niň hojaýyny, hiç kim yglan etmezden - awtomatiki enem boldy. Ol haýsy kanaly islese şony görmeli bolardyk. "Indi 'gyzdy', öçür tv-ni" diýende men öçürýänçidim, ýagny "sowadýançy". Enemiň obrazyny we bu wakajygy skeçe geçirdim, Sürahi nine (ene) adyny berip, şekil taýdan özboluşlulylyk gazandyrmak üçin hem artist zenanyň sesini we keşbini betnyşanlaşdyrdyk, aslynda enem owadan zenandy.
Ýasamalyk däl, reallyk möhüm.
Başlangyç synpda okaýarkam mugallym düzme ýazmagymyzy tabşyrdy. Meýilnama düzdüm we kompozisiýalaryň ählisini öz maşgala agzalarymdan, real durmuşdan wakalar, dialoglar ýazdym, hiç hili toslama ýokdy içinde. Mugallymym halady we meni 3-nji synp okuwçylaryň ýanyna alyp gitdi.Synp tagtasyna adymy we familiýamy ýazmagymy buýurdy, ýazdym. "Okuwçylar! Bu oglanjyga üns beriň, ol geljekde ýazyjy bolar" diýdi. Men Gökden düşen ýaly, nämäniň içindedigime düşünemok.Elbetde meni "geljekki ýazyjy" diýip, el üstünde aýap saklamadylar.
Uniwersitetde talyplygymyň 1-nji ýylynda, synagda ,,Düýş" atly iş ýazdym. Mugallymlar 10 bal berdi, diňe birisi 6 bal beripdi. Sebäbini soranymda:,,Reallyk ýok, ýasamalyk bar" diýdi. Aslynda meniň çagalykda ýazan düzmäm talyplygymdakydan kämildi, çünki realdy.
Her ömür - bir hekaýa
Ähli adamlaryň ömri minus-plýus meňzeş, emma çendenaşa meňzeş däl. Başlangyç synpa gidýärkäm, hemmäňizde bolşy ýaly iýmit torbam bardy.Mugallym ýiti ysly iýmit getirmegimizi gadagan edýärdi. Men bolsa peýnir äkiderdim we onuň ysyna mugallym käýär öýdüp howatyr ederdim. Bir synpda okaýanlarym we asla ýiti ysly iýmiti mekdebe getirmedik käbir synpdaşlarym meniň bu duýgumy asla başdan geçiren däldir. Şol bir gurşawda her bir şahsyýet aýry pikirleri, aýry duýgulary başdan geçirýär. Şeýlelikde, adamzat ömürleri o diýen meňzeş hem däl. Gürrüň beriljek tapawutly wakalar, ýazyljak tapawutly hekaýalar hemişe bardyr.
3. bölümden
Ar alyş temasy ( İntikam konusu )
Ýazyjylyk we film industriýasynda iň köp işlenýän temadyr - ar alyş. Ar alyş netijesi ynsany kanagatlandyrmaz, çünki onuň bu maksadyna ýetmek üçin wagşylaşmagy möhüm. Onda näme bu tema ýazylmasynmy? 15 minutda "şeýle-şeýle wakalar sebäpli ar almaga niýet etdim, emma indi ýüz öwürdim" diýsinmi gahryman? Ýok! Maksat - şu sözlemi tomaşaçylara diýdirmeklik bolmaly. Meselem, ar almak isleýän "A" kişi, ar almak isleýäni "B" kişä partlaýjy mina duzak goýsa, emma ol ýere "A" kişiniň ýa-da "B" kişiniň perzendi gelse, ölse... Ssenaristiň bu ýerde öňesürüş pikri: ar alyş gahar-gazabyň bilen günäliniň oduna bigünäni ýakarsyň. "Jon Wick" ýaly filmler tomaşaçylara gurulýan duzakdyr. Çünki gahryman ar alyş maksady sebäpli, öz problemaly wakasyna dahylly bolmaýan bigünäleri öldürer, emma şonda-da ol tomaşaçylar üçin ol gowy adamdyr... Geçmişdäki filmlerde gowy we erbet keşpdäki obrazlary tomaşaçy aňsatlyk bilen saýgaryp bilýärdi, sebäbi obrazlar birýüzlüdi, kesgitlidi. A häzirki döwrüň obrazlary şeýle bir çylşyrymly, ol tomaşaçynyň gowy adam diýip kesgitläni, başgasynyň nukdaýnazarynda erbetdir.
Ýene-de bir mysal: "B" kişi özüni öldürmekçi bolup duran "A" kişä diýýär:"Ölmezimden öň iň soňky ýüzüne seredenim ynsan sen ýaly zalym bolmasy sebäpli özüme gynanýan". "A" kişi jogap berýär:"Her näme-de bolsa, meniň öldürjegim iň soňky zalym sen bolmarsyň!". Indi haýsysy zalymka? Çylşyrymly tema. Meniň şu wagt düşündirmek isleýänim hem şu: zalym; bigünä; gowy adam; erbet adam häzirki zaman film dünýäsinde çylşyrymly.
Seniň derdiň näme?
Herbir ýazyjynyň derdi bolmalydyr. Bu derdi babatynda-da "näme sebäpden" sowaly bolmalydyr. Näme sebäpden bu tükeniksiz uruşlar; näme sebäpden adalatsyzlyk; näme sebäpden zulum we ş.m. sowallary eserine podtekst edip goýar.
Öňesürüş - tankyt bolmalymy ýa-da sowal? Ikisi-de! Bu ikisi üzňe zat däl.
Meniň ýolum "Goranyş sungaty" ("Savunma sanatı").
Ynsanlaryň ruhy ahwaly boýunça toparlaryny bilýäňiz. Durmuşy baýram, jennet hasaplaýanlar bar, jähennem hasaplaýanlar bar we bu garaýyşlaryny döredijiliklerinde görüp bilersiňiz. Meniň üçin bular gezekleşikli. Sungatdaky ýolum - ironik*. Durmuşy we sungaty garaýşym "goranyş sungaty". Kitap ýazaýsam ady hem şu bolar, çünki men bütin durmuşy şu infrastruktura (altyapı) esasynda görýän. Mende özümden başga ýene 2 sany "men" bar. Biri aklawçy, beýleki sülçi. Maňa adalatsyzlyk etmäge çalyşsalar, hatda käte ýalňyşymy tankyt etseler içimdäki "aklawçy men" bilen özümi goraýan. Özümi tankyt etmek zeruryýeti dörände, ýa-da wyždanym işjeňleşip başlan bolsa, diýmek "sülçi men" herekete geçendir.
* Ironiýa - 1.Henek. 2.Aýdylýan zadyň tersini göz öňünde tutup kişini, ýa-da wakany ýaňsylamak. ~Türkçe sözlük app~
4-nji bölümden
Reaksiýa'lary analiz ediň.
Okuwçylaryma ýumuş tabşyrdym:,,Şekspiriň eserleriniň mazmunyny tanyşlaryňyza, öýüňizdäkilere gürrüň beriň we olaryň reaksiýasyny, garaýyşlaryny analiz ediň. Bir adama gürrüň berdim:
+ "Gamlet" atly eserde Gamletiň kakasy - patyşa ölenden soň, şa zenany adamsynyň inisine (ýa agasyna) durmuşa çykýar.
- Näme bolupdyr ki, biziň Urfada (oba ady) bolup ýören ýagdaý.
...Men onuň geň galmaýşyna geň galypdym.
Adamlar şahsy pikrini öňe sürýän bolsa, şol jümle şonuňkydyr. Dostumyň enesi şeýle diýipdi:,,Nebsiňe agyr bolýan zat, seniň üçin haýyrlysydyr". Wow! Ajaýyp jümle. Emma adamlar:,,Pylanym pahyr şeý diýerdi..." diýip atalar sözleri aýdýarlar. Muny seniň pylanyň aýtdymy, ýa-da atalarymyz?! "Pylanym şeý diý+ýär/erdi" diýjek bolsaňyz, ol pikir, jümle hut şol şahsa degişli bolmaly.
5-nji bölümden.
Klişelerden gaçyň!
Mafiýaly filmleriň ählisinde erkekler kostýum-jalbar (suit) geýer. Täsin...
Tomus paslynda romantik-komediýa seriallar düşürilýär. Baş gahryman ýigdiň şereketi bar, emma ol ýerde näme iş-gazanç edilýär, munça baýlyk nädip gazanylyp dolandyrylýar, görkezilenok. Tomaşaçy hem bu detallara ähmiýet berenok.
Ýa-da seriallarda gurluşyk kompaniýalaryny görersiňiz. Işçileriň üsti-başynda tozan, palçyk görmersiňiz, tämizjedir. Bu - galplyk, ynandyryjy däl. Ýene-de köp şuňa meňzeş klişelerden gaça duruň!
Edebiýat çäksizdir.
Gowy romandan film düşürilen bolsa, şol filmi romanyň derejesinde kämil düşürip bilmek örän kyndyr. Kitapdaky 30 sahypalyk wakany režissýor 1 minuta sygdyrmaly bolup biler. Onsoňam roman çeperçiligi inçe, şygyr ýaly. Ýazyjy çeper sözler bilen okyjylaryny duýga bürär, emma filmde şekiller üsti bilen şol güýçli duýgyny tomaşaçyda döretmek kyn. Şol sebäpli "Men filmine görä romanyny halaýan, romany has kämil" diýmekleri şundandyr.
Anonimlige ýetmek - üstünlikdir.
Dessanlar, eposlar, türküler (halk aýdym), folklor we ş.m.-leriň awtory kim? Halkmy? "Adamlar, geliň üýşüp eser ýazalyň!" diýip, halk jemlenişipdirmi? Ýok! Bularyň hem awtory bolan, emma halk şeýle bir ykrar edipdir welin, eseri ýat tutup, awtoryny unudypdyrlar, şondan soň ol eserler bütin halkyň emlägine öwrülýär. Ýazyjynyň ýetip biljegi iň beýik nokat - eseriniň juda söýülmegi ýa-da meşhur bolmagy esasynda, halkyň ol awtory unutjak derejede anonimleşdirmegidir. Hawa, bilýän, gynandyryjy, emma ajy hakykat...
Çeşme:
YouTube "TRT2" kanalynda "Yılmaz Erdoğan ile öğrence" bäş bölümden ybarat playlistden parçalar.