Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýyldyzlar hakynda oýlanma

1 minut alar

Ýyldyzlary synlamagy halaýaryn. Sebäbi olar maňa bu dünýäden başga bir älemiň bardygyny ýatlatýar. Olaryň köpüsiniň göwrümi dünýäden birnäçe esse uly bolmaklaryna garamazdan, ýerden seredilende togolanypjyk duran garaja gözlerden hem has kiçi görünýäler. Bu bolsa maňa bir hadysa näçe kiçi görünse-de netijesi dünýäden hem uly bolup biljegini ýatlatýar.

Ýa-da a:ýy alyp görsek, onuň göwrüminiň dünýädenem kiçi bolsa-da ol ýylyzlardan hem uly görünýär. Ana edil şol sebäpden hiçkime daşyndan seredip, içindäki pikirleri eşidip, diňlemän şol kişi barada pikir ýöretmeli däl.

Gije ýokaryk seredemde Allah-yň bizleri nähili gowy görýändigini ýene bir gezek ýatlaýan. Gijäniň şum garaňkylygynda-da yşyksyz goýmady. Bizleri ýadyndan çykarmady... Oýlary kellämde aýlanyp başlanda şol pursat ýadyma täze oýlar, pikirler gelip başlaýar. Ol meni ýadyndan çykarmady ýöne asyl Ony ýatlamaga mätäç bolan men nähili ýygylykda ýatlaýaryn, Onuň emirlerini näçinji derejede goýýaryn soraglary wyždanymy biynjalyk edýär...

30 |