Jurnalist
Ýük ýolda galmalymy?!
2 minut alar
Konstitusiýamyzyň maddalary döwletimiziň hukuk esaslarynyň iň bir gysby ýagdaýa getirilen görnüşi bolansoň, olar başdan-aýak halkyň esasy köpçüligine ýat bolan hukuk terminlerinden ybarat ýaly bolup dur. Elbetde, bolmalysam şeýledir. Muňa biziň hiç hili dawamyz ýok. Şeýle-de bolsa, olary halkyň düşünäýjek dilinde teswirlemek hem zerurmyka öýdýärin. Sebäbi iň bärkisi Haktagalanyň özi hem ynsanlar bilen gatnaşyga geçende olaryň düşünäýjek dilinde sözläpdir. Ol özüniň beýikligine mahsus dil bilen gürlän bolanlygynda muňa ynsanyň tap getirip bilmejegi, elbetde, körä mälim. Şonuň üçin hatda ylahy kelama hem düşündiriş berilmegi günä hasaplanmaýan bolsa, onda näme üçin döwletiň hukuk binýadynyň özeni bolup durýan tekstler halk köpçüliginiň aň derejesine görä gaýtadan düşündirilmeýärkä? Bu sowalyň jogabyna her hili tarapdan çemeleşse bolar. (Käte hyýalymda şeýle sahna janlanýar: her edaranyň agzynda, ullakan ekranda gije-gündiz wideo rolik oýnap dursa, şol rolikda hem halkyň diline düşnükli bolar ýaly sada dilde, diyeli, şekilleriň, animasiýalaryň üsti bilen, edil uçarlarda howpsuzlyk düzgünleriniň düşündirilişi ýaly raýatlaryň islendik edaradan nämeleri mugtuna, hiç hili para-peşgeş bermesiz talap edip bilýändigi görkezilsedi diýýärin) Garaz, ýük ýerde galýan bolsa, diýmek, hatarda neriň ýoklugyny aňladýar. Halk üçin edilen iň uly hyzmat, megerem, halkyň döwletiň iň ýokary gymmatlydygyny oňa ýatladylmagydyr. Halk özüniň hak-hukugyny bilmeli, bilmeýän bolsa öwredilmeli. Muny öwretmek işini guramaklygy döwlet öz jogapkärçiligine almaýan bolsa, onda näme etmeli?! Ýük ýolda galmalymy?!