Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ylym, döredijilik we gaýtawul

3 minut alar

 

Takmynan 28-29 ýaşlarymdadym.

Ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşdym. Temam hukuk nigilizminiň öňüni alyş çäreleri bilen baglydy. Ýaşuly hukukçy, sosiolog, filosof alymlardan, professorlardan ybarat eminler toparynyň öňünde öz ylmy işimi gorap çykyş etmeli boldum.

Nutuga başladym...

...welin, oturanlaryň arasynda yzgytsyzrak görünýän bir, sosiologiýa (jemgyýeti öwreniş) ylymlarynyň doktory, professor, ylmy-barlag institutlarynyň birinde bölüm müdiri, gürlemäge goýman, al-petimden aldy:

-Sen näme-how, özüň-ä bir agzyndan süýt ysy gitmedik gögele welin, özüňi alyp barşyň edil professor ýaly-la! Kimlere näme öwretjek bolup dursuň? Seniň bujagaz ýaşajyk ýaşyň nire, nigilizm nire? Entek oýnawaçlaryň bilen bolubererler-dä...

Dogrusy, men ol ýaşulyň beýle bahym, bada-bat gatyrganmasynyň manysyna düşünmedim. Sebäbi meniň münbere geçip, çykyş edip ugranym ýaňy. Heniz nutugymy tamamlap, eminler topary bilen munazara (ylmy çekişme, ylmy jedele) girişemok. Hiç kime gaty-gaýrym söz aýdamok. Äsgermezlikden ybarat hereketi edemok. Ol bolsa, sende ýok mende, girre gaharlanyberdi-le.

Ýaşlykda-da hemmelerem gyzma bolandyr-la. Sebäpsiz-bahanasyz ýerden ýüzümiň alnanyna ýeňsedamarym taýak bolup ugrady. 80-90-njy ýyllaryň şäheretek obasynyň köçelerinde önüp-ösen çagaňam, sögüşmek, uruşmak – ikinji zanny. Derrew daşymdaky ýukajyk edep-terbiýe gabygym sypyrylyp, dilime ähli bilýän paýyş sözlerim birden gelip ugrady.

Hernä, Hudaý diýen ýerim, köpçülikde aýagaldygyna porsap, masgara bolmaga ýetişmänkäm, eminleriň arasynda oturan halypam öňürtiledi – dadyma ýetişdi.

-Pylany Pylanyýewiç,-diýip, meni dalan ýaşula edeplidenem beter salyhatly, mylaýym ýüzlendi:-eger-de Puşkin ýaşynyň ýeterine garaşan bolsa, onda ol sekiz ýaşynda goşgy ýazyp ugramazdy, otuz ýedi ýaşynda ölmänkä-de rus edebiýatyny şol derejä galdyran ölmez-ýitmez eserlerini ýazyp ýetişmezdi. Ýa-da Magtymguly ýetişenlik ýaşy dolýança garaşyp gezen bolsa, ol ýedi ýaşynda ilkinji goşgusyny ýazardymy? Men bu ýigdi olaryň hiç birine-de deňemekçi bolamok. Men muny diýmek bilen ýaşlaryň eline kakmagyň deregine, gaýta olara ýagşy söz bilen goldaw bermegiň zerurdygyny aýtjak bolýan. Türkmen: “Könesi bolmadygyň-a täzesi bolmaz, kiçisi bolmadygyňam ulusy bolmaz” diýip, ýöne ýere aýdýan däldir. Adamlar! Kärdeşler! Unutmalyň, siziň ýaňky aýtmyşlaýynyňyz ýaly, şu günki: “agzyndan süýt ysy gitmedikler”, ertirki azy ýaran alymlardyr, nesip bolsa. Garran çagynda Ependi hoz agajyny ekip durka, geçip barýanyň biri: “Ony näme üçin ekýäň, Ependi aga? Ol kyrk ýylda ýetişýär ahyry. Bagyň miwesini özüň iýmejek bolsaň, ony ekip nätjek, idi-yssywat etjek bolup, nä gara görgiňe?” diýipmiş. Şonda-da Ependi aga jogap beripdir-ä: “Ekenlerin-ä iýdik, indi ekenimizem iýsinler-dä”. Bizem hormatly kärdeşler, birmahal özümize öwredenlerin-ä öwrendik, indi goý öwredenimizem öwrensinler-dä. Şonuň üçinem gadyrly topar agzalary, men kimdir biri bilen çekeleşip onuň göwnüne degmekçi bolamok, akyllysyramogam, ýöne, biz yzymyzdan gelýänlere näme öwretsek, şolar soň şonam öz yzlaryndan gelýänlere öwrederlermikä diýýän. Onsoň olar gowy:ny öwredip gowulary terbiýeleseler-ä, şol ýagşy işiň sogap harmanynda biziňem paýymyz bolar. Olar biziň erbetligimizden misil tutup, gowulary ynjydyp, olara erbetligi öwredip, ýamany ýaýsalaram, onuňam temmisinden gaçyp gitjek ýerimiz bolmaz diýip hasap edýän. Aýdyber inim, hiç zada üns berme-de. “Her molla bilenini okar”, senem bilenjäňi “okaber-de”, eliňden gelenjesinem ilden-günden gaýgyrman amal ediber. Kim bilýä, belki, ýene on ýyldan bize-de saňa guwanmak nesip eder...

Halypamyň bu sözlerinden soň men birhili öz-özümden köşeşdim-de, başga zada üns bermän nutugym bilen boluberdim.

Dagy nä?

66 |