Halyçy
Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri romandan parçalar #1
3 minut alar
◇ As-Samat başyňa şeýle bir pursat geler, gudratyň döreden gudratyny däl-de, hut onuň özüni görersiň.Gudraty görersiň.Ol ýangyndan soň küli görmek däldir.Ol hut oduň özüni görmekdir, ýalynyň howruny teniň bilen syzmak däl-de, alawlap ýanmakdyr...
◇ Kitap göçüriji hatdatyň näçeräk sahypa ýazanyny saldarlap görşi ýaly, ol köpi geçen ömrüniň sahypalaryny aňynda hasaplap gördi.Bu oňa birbada süýji duýuldy.Bu süýjülugiň nämedendigini düşündirmek kyndy.Ýaşyň elliden geçip, bärden aňryň golaýdygyny duýmakda näme süýjülik bolup biler? Mümkin, şonça ýyly arka atyp bilenligiň süýjüligidir.
◇ As-Samat ömrüniň biçak köp sahypalarynyň düýbünden okalmaýandygyna ahmyr edip, uludan dem aldy.Edil ýaşalmadyk ýaly, olar unudylan günlerdi.As-Samat tutuş kitaba baha berjek boldy.Umumylaşdyrara esas bar - olary ýazan özüdi.
◇ Ölümine kim bäş gün, kim on ýyl galanda, kimse bolsa ýigrimi bäş ýyl öňünden boýun bolýar...
◇ Bu düýeleriň üstünde oýaly-ukuly oturan adamlaryň hersi bir kitapmy onda? Olary diňe ýazdyran Ýazyjy kyýamatda okar.Biz bolsa, muňa düşünmän, ömrümizden halamadyk sahypalarymyzy ýyrtyp, göwnümizden turan sahypalaryny bolsa özümiz ýaly ,,kitaplara" okatjak bolýarys.Görümsizlik edip başga bir bendäniň ,,sahypalaryny" agdaryşdyryp okajak, olara syn berjek bolýarys...Ömür kitabynyň daşynyň çagalyk bilen ýalpyldadylyp, ölüm bilen gatadylandygyny göz öňüne getirdi.
◇ Men bolsam ömür kitabymdan halamadyk sahypalarymy goparjak bolýan.Olary ýaşanymyzdan, ýazanymyzdan hem beter, soň kyýam durup, kyýamatda özümiz okap bermeli bolsak...Bir oturyny, nokadyny-da sypdyrman ähli sahypalaryny okamaly bolsak...Eý, Hudaý...
◇ Wagtdan ýolnup ga:lan üç nokat...Olar çöl-beýewanyň içinde dünýäniň soňuna ýetilmedik sözlemiň gam-gussaly, dowamyny özüňe oýlanmaga goýýan belgisi ýaly bolup galan üç nokat...
◇ Folomeýiň arkalaşyk etmekden gaça durmagy, kynçylykdan gaçybam däl-de, özüni oňaryp ýaşamagy başarýandygyny ile tassyklatjak bolmaga meňzeýärdi.Onuň bu häsiýetinden men-menligiň ysy gelýärdi.
◇ - Körlerem bir görermi?
- Körleriň görýäni gözlä görünmez.
- Körleriň görýäni tümlük.
- Sen şol tümlügi gördüňmi? Kör tümlügini? Şemaly görmeýäniň üçin öwüsmeýär diýme, guşlara gürlemeýändir, da:şlara diňlemeýändir diýme.Ýeri gazsaň ýer çykar, pikirden pikir.
◇ - Ynsanyň çöwresi daşyndan-da owadan bolmaly.Eger ol hakyky boljak bolsa...
- Hakyky däl adamy tanamakda iş bar.
- Ony Allah'yň Özi tanar.Sen hemmeleri gowy diýip kabul et. Hz.Isa aleýhissalam ,,Günäkärleme, günäkärlenersiň!" diýipdir. Sen diňe söý! Çünki, saňa ynsanyň çöwre tarapyny görmek berilmändir.Gözüň gözelligi gabakda ýa göreçde däl-de, görýänligindedir...
Romanyň türk diline edilen terjimesi 2002-nji ýylda Türkiýäniň Medeniýet Merkeziniň geçiren romanlar bäsleşiginde 2-nji baýrakly orna mynasyp boldy.
,,Nukdaýnazar" YouTube kanalynda žurnalist Aýjemal Gurbanowanyň Ylýas Amangeldi bilen söhbetdeşligini diňläpdim. Awtor ilki kitabyna ,,Mytdyldap barýan dünýä"(Ağır aksak gidiyor dünya) adyny goýupdyr.Romany türkçä terjime eden ýazyjy, şahyr, terjimeçi, türkmen dili mugallymy, şol sanda Ylýas Amangeldi'niň dosty Hüdayi Сan kitabyň adynyň üns çekiji (marketing) bolmalydygyny, bular ýaly ýürekgysgynç atly bolsa, aýratyn hem ýaşlaryň kitaby satyn almakdan gaça durjagyny aýdypdyr.Netijede,romanyň ady ,,Üç nokadyň biri" bolupdyr.Jümleleriň yzyndan goýulýan üç nokat okyja ,,netijäni özüň çykar" bildirişini berýär. Jümlesiz diňe üç nokadyň özi tükeniksizligi aňladýar.Awtoryň aýtmagyna görä romanda şol tükeniksiz milliardlarça adamzadyň (üç nokadyň) içinden biriniň ömri hakda gürrüň berilýär.Ýagny, üç nokadyň biri...
Teswirde Ylýas aganyň romany hakda aýtjak (ýazjak) sözlerine-de höwes bilen garaşýas.
Salgylanma:
http://www.ekizler2.com/index.php?q=2&ac=books