Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri - romandan parçalar #2

3 minut alar

◇...Çünki, bir gün artyk ýaşap bilse, ynsana eden günälerini ýuwmaga bir günlük mümkinçiligi artýar.
◇ Ol ömründe birinji gezek özüni biriniň daýanjy diýip duýdy.Bu duýgy ony ýigitlikden çykaryp uly adama öwren ýaly boldy.
◇ Emma dişler adam garradygyça azalsa-da, aňyrsyndaky dili saklamaga has berkarjaň bolýarlar.Saç-sakalyň agy köpelip, başalar çalardygyça, huşuny ýitirse-de syryna berk bolýarlar.
◇ Gara Durmaz aglaýan ogluny diňdirmezlige-de dözüp bilip, aýalyndan hem günbe-gün sowaşýandygyna begenýärdi.Ol muňa dogrudyr diýip düşünýärdi.Hakyky erkek adam şeýle bolmalydyr öýdýärdi.Aýaly biçäre bolsa, süýjüdilip içilen çaýyň käsäniň düýbünde galanynyň serpilip goýberilişi ýaly ,,serpilmegine" öwrenişipdi.
◇ Ol bu zatlara gyşy aýazy üçin günäkärläp bolmaýşy ýaly bir zat diýip düşünýärdi.
◇ Gara Durmaz, Maral, Samat uzak wagtlap ýatyp bilmediler. Olar bir bitewi halkany arzuw edýän üçburçluk ýalydylar.Ol burçlaryň üçüsi hem halkanyň emele gelmegi üçin biri-birilerine goşulyp ýazgynlygyna ýetmediklerini bilýärdiler.
◇ Ertir olaryň hersi damardaky ganyň ýürek urgusynyň badyna aýlanyp durşy ýaly, öz ömür damarlarynda aýlanmaga başlarlar. Ol urgynyň kimi nireden çykarjagyny ýüregi ilkinji herekete getirenden özge hiç kim bilip bilmez.
◇ Ol Sara'nyň ýüzüniň ýarpy ýapyklygyny dünýäniň ýüzüniň ýarysy açyk, beýleki ýarysynyň ýapyklygyna meňzetdi.Samat geçen günleri dünýäniň ýüzüniň açyk bölegine deňedi.Ertirki güni, sagady, minudy welin görjek gümanyň ýok.Bu ýapyklyk özüne çekýär, imrindirýär...
◇ Gyz maşgala gowy bolanda, her kim ony özüne laýyk görýär.Esasy zat welin, gyzyň özüni durmuşa çykjak ýerine laýyk görmeginde.

 ◇ - NUR, begeneňde nädip gülýäň, gynanaňda aglaýşyň nähili?
- Begenemde ýagyş getirip aglaýaryn, gynanamda epgek ösdürip gülýän.
- O nähili?
- Begenjiň geçip gitjekdigine, geçip gitjek zada-da begenmeli bolýanyma gynanýan. Gynanjyň peýdasyzdygyna, peýdasyz zada-da gynanandygyma gülýärin.
- Nähili häsiýetli ynsanlary halamaýarsyň?
- Adyl patyşanyň raýaty bolubam ýene onuň täjine göz dikýänleri.
- Olardan beterlerem barmy?
- Allah'yň rahmetini, nygmatlaryny görüp, iýibem şübhede ýaşaýanlardan beteri ýokdur.
- Adamyň duşmany kim ýa-da näme?
- Adamyň iň howply duşmany özünden gelen nebsidir.
- Iň päk ynsanlar haýsylar?
- Elbetde, pygamberler.
- Ýene?
- Pygamberleriň hem ynsandygyna düşünip, olary özlerine nusga edinenler.


Ýazyjynyň ekizler2.com şahsy web-saýtynda özüniň ýazan terjimehaly:

Özüň barada ýazmak iň kyny. Emma, aslyna seretseň, edebiýatçy elmydam özüni ýazýar. Daşky sypatyny, başdan geçiren wakalaryny ýazmasa-da, (hatda olaram ýazýan wagty bolýar) ýazýan zatlarynyň çeşmesi, öz ruhy dünýäsi. Diýmek özi. Meniň begenjim-şatlygym, gaýgy-aladam... barysy ýazanlarymda. Olardan daşgary şulary aýdyp bilerin: Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýalkym obasynda, 1952-nji ýylyň 19-njy awgustynda doguldym. Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebinde on ýylyk bilim aldym. Soňra Oba-hojalyk institutynda (häzir ol uniwersitet boldy) ýokary bilim aldym. Kärim bag-bakjaçylyk agronomy. Bu hünärimi diňe mellegimde ulanýan. Esasy işim edebiýat. Ony bolsa mekdebiň 8-nji klasyndan bäri öwrenip ýörün. Ilkinji ýazan goşgularym "Edebiýat we sungat", "Ýaş kommunist" gazetlerinde çap edildi. "Sowet edebiýaty" žurnalynda sonetler çemenlerim çykdy. Dürli ýyllarda dürli gazet-žurnallarda birnäçe makalalarym çap edildi. Daşary ýurtlardan Türkiýede 3-kitabym çap edildi. "Üç nokadyň biri" Bu romany 2001-nji ýylda ýazdym. Ol şol ýyl Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň, Ýazyjylar birleşmesiniň geçiren roman ýaryşynda 2-nji ýer aldy. Ikinji kitabym "Günüň dogmasy aňsatmy?" Türkçe "Kalır dudaklarda şarkımız" diýen at bilen çap edildi. Häzir onuň 4-nji neşiri çykarylyp ýör. Üçünji kitabym "Ilki ýürek ölýär". 2009-njy ýylda ýazdym. 2010-njy ýylda türk dilinde çap edildi. Maşgala ýagdaýym barada aýtsam üç ogul, üç gyzym bar. Umuman üçlük san mende kän gaýtalandy. Çagalarymdan diňe körpe oglumyň "kör düýesi köprüden geçmedik". Agtyklarymyň sany, tüweleme 10-a ýetipdir. Häzir "Dünýä edebiýaty" žurnalynda işleýärin.

Tanyşlygyň mundan galanyny duşuşyklara goýdum. Dogrusy men sizi tanamak islýärin, okyjym!

Salgylanma:

http://www.ekizler2.com/index.php?q=2&ac=pages&option=about

77 |
|