Teswirler (5)

Ýüklenýär...

ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI

8 minut alar

O döwürlerde Günüň doguşy başga bolupdyr. Dünýe öwüşgin atýar, ähli zat şeýle reňkdar. Ýaşyllar hakyky ýaşyl, gyrmyzylar hakyky gyrmyzy. Howanyň tämizligi bir başga, tüssede zäher ýok. Serhetler ýok. Däpler serhet, din-iman serhet. Eli gylyçlylar alaman bilen, pukaralar halalyň yzynda. Akdan garany saýlamak aňsat eken o döwürde. Her kimiň ýoly belli. Çeşme boýy süri-süri käkilik, keýikler-umgalar owlaklaryny yzyna düşürip dereden-derä agyp-dönüp ýör. Awuçysyz bolmaz, elbet. Ýöne ynsap bar. Magtymguly ýaly ärler dünýä inip biler ýaly ynsap bar. Ynsabyň çeşmesi, diniň nury Döwletmämmet Azadyň içersi ýaly içeri bar. Alamançylykly, çapawulçylykly o döwür türkmene ägirtleri getiren döwürdi. Dogrusy, döwürmidi getiren? Döwrüň elinde getirere zat bar bolsa bu günem getirerdi. Gelenler döwüriňki däl, döwür gelenleriňki... 

Onuň MAGTYMGULY boljakdygyny hiç kimse bilmedi. Azadydan başga. Kakasy bolany üçinem däl. Çünki Azady ýönekeý bir kaka däldi. Onuň arzuwam, islegem, dilegem diňe Alla bilendi.

 

***

Her dem diýsem ýa Alla, Hoja Bahaweddin diwana. 

 

***

  • Orazgül, Allanyň bu guluna kakamyň adyny dakaýsak näder?
  • Siziň diýeniňiz bolar kakasy.

Azady ene süýdünden doýanja bäbegi kybla bakdyryp ýatyryp sag gulagyna azan aýtdy. Çepine kamat. «Seniň adyň Magtymgulydyr», «Seniň adyň Magtymgulydyr», «Seniň adyň Magtymgulydyr». Onuň ady Magtymguly boldy. Bir hurmany çeýnäp suwuny bäbegiň dodajygyna çaldy, doga-dileg etdi. «Her dürli şeýtanlardan, şerlerden, her dürli ýaman gözlerden Allanyň ähli kelemelerine sygynýaryn». 

Şeýtanam gelmelidi. Bütin ömrüne onuň ýanyndan aýrylmajak şeýtan. Azady ony kowjak, ýazyksyzja bäbegiň ýanyna ýakynlaşdyrmajak bolup Alladan medet soraýardy. Emma, Allanyň emridir – şeýtan geldi. Ýatanja bäbegiň MAGTYMGULY boljagyndan gorkup geldi. Olam bäbegiň gulagyna egildi hem üç gezek «Kim bolsaňam özüň bol» diýdi. 

 

***

Özüň bolman, dagy kim bolarsyň? Her kim bolup bilersiň. Goňşyň çarwa-çopandyr, çopanam bolup bilersiň. Adyny göterýäniň şygyr söýen ýonaçy bolup geçipdir, ýonaçam bolup bilersiň. Dünýede her kim her kime meňzäp gitmänmi näme? Kimisi at üstünde, kimisi hat üstünde. Hemmesem ýazgyt üstünde... Azady «Oglum dil çykaranda Lä ilähä illallah diýip dil çykarsyn» diýip dileg etdi. Bu dilegi kabul boldy.

 

***

Magtymguly dil çykardy. Çala peltekläp «Lä ilähä illallah» diýdi. Ilki «Lä ilähä» diýdi. Muny üç dört gün kakasy bilen gaýtalap, birdenem «Illallah» diýdi. Azady begenjinden näme işleýänini bilenokdy. Şükür namazyny yzly-yzyna okaýardy, dileg edýärdi: «Allahym hidaýet edenleriň arasyna bizi hem goş. Afiýet berenleriň arasyna goşup, bize-de afiýet bagyş eýle. Dost edinenleriň arasyna goşup bizi hem dost edin. Bize kerem eýlän zatlaryňa bereket yhsan eýle. Bolmagyny höküm eden zatlaryň şerinden gora. Höküm edýän Sensiň, Saňa garşy höküm edip bilen bolmaz...» 

 

***

Magtymguly «Eje» diýdi. Birdenem, ejesiz galdy. Bir eliňden kakaň tutar, beýleki eliňden kim? Ýa ejeň öz ýerini erenlere, çiltenlere goýup gitdimi? Ýogsa, heý gidermidi! «Eje, eje, eje...» diýip aglady. Zübeýdä saklatmady. Goňşy-golamlara-ha asylam. Ýene kakasynyň gujagynda eline berlen ýelegi kagyza çyrşaşdyryp güýmendi. Ýazgyda düşünerden, ýelegi dogry tutardan has, has çagady.  

Ýene ejesizligiň özi ony köşeşdirdi. Ejesi toýa gidende yzynda aldanyp galyşy ýaly bolmady. Gaýdyp, ejesiniň gelmejegini bildi. 

«Gör, hiç ýerde ejeň ýokdur» diýýän ýaly Zübeýde ony gujagyna alyp daga çykardy. Güýjüniň ýetdiginden. Mundan ýokary çykmaga gorkýança göterip äkitdi. Sojaýardy. Hyrçyny dişläp, daşdan-daşa basyp barha ýokary galýardy. Beýle beýige Magtymgulyň ilki çykarylşydy. Gorkudan gözleri tegelenip, aglamagy unutdy. Sygyrlar goýun ýaly kiçijik, goýunlar guzy ýaly. Adamlar – nokatlar. Öýleriniň agzyna üýşüpdirler. Agaçlaryň başy çaýkanyp, elenip dur...

  • Zübbe, gaýdaly.
  • Onda aglamaly. 
  • Aglaman, gaýdaly...

 

***

Azady oňa ýene ýelek bilen kagyz berip, özi Kur’an okaýardy. Biynjalyk bolup, aýatlaryň arasynda, göz gytagyny çagalaryna aýlamaga mejbur. Zübeýde, doganlary, Magtymgulyny aglatmajak bolup daşynda. Hem özleri aglamajak bolýardylar. 

Ýetimligiň ýarasy bitmeýär, ol diňe pynhan saklanýar. Näçe gizläp bildigiňçe şonça ýanyňdaka gowy. Ol gülüşýär, degişýär. Senem has beter gizleýäň. Gizledigiňçe gizlemesi kyn. Böwede suw sakladýarmy näme, dert sakladar ýaly? Ýüregiň endireýär. Ine agar, ine agar. Nähili agyr... Çaga gaýraty muňa neneň ýetýärkä? Çaga paýhasy nädip muňa akyl ýetirip bilýärkä?  Allanyň gudratynyň çägi ýok. Derdini beren dermanynam bile berýär.

Azady Kur’an okamasyny dowam etdirdi. Öňem şeýledi, indi-hä hasam, Kur’an, Kur’an, Kur’an. 

 

***

Derdini beren ýene bir derman uzatdy. Bir gün çagalara ejelik, Azada höwür boljak bir gazak aýal öýüň töweregini syryp-süpürip ýör. Azadyň öýüniň töwergi şeýle-de islän ýeriňde namaz okabermeli arassa ahyryn! Perişdeler mekany ol. Şägirtler, talyplar, sopular bu öýe hyzmat edip bilse, müň sogabyň özlerine ýazyljagyny bilýärler. Gazak aýal eli sübseli süpürere zat tapman dur. Ol şägirdem däl, talybam. Ol gökden uzadylan derman. Ýogsa bu jelegaýda gazak barmy, golaý-goltumda Maňňyşlak barmy?

Bu derman hasam Magtymgulyny çalt derdinden saplady. Onuň daga çykarlandaky gorkusyny basyp ýatyrdy. Eje küýsemedi. Tä wagty gelýänçä. 

Tä wagty gelýänçä Magtymgula ejesiz galany misli dagyň çigrek ertirinde biri gelip, ýylyja ezýaka köýnegini çalşandan beter bolmady. Başgasyny geýýänçä, aralykda ýalaňaç çaga arkasyna sowuk şemal çaldy, bolany. Emma wagty gelende welin ol erbet dert bolup gozgady. Dagdan sil inen ýaly ýüregine ejir indi. Özüni kimdir biri pylçap ýere uran ýaly boldy. Ýazgyn gaşlary çytyldy.

«Ejem däl eken. Ejem ýok eken. Gazak eken. Bir ýerlerden gelenmiş. Ejemiň ýerine...» Kakasynyň ýanyna ylgady.

 

***

- Ata, Pygamberimiz «Jennet eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr» diýýär. 

Azady joş bilen hadysy şerifi arapça okady. 

  • Dürdäne sözler, başym gurbany bolsun.
  • Ata... meniň haýsy ejemiň...

Oglunyň bu sözüne Azadyň endamy tikenekläp gitdi. Öňünde balkyllap, ýazyksyz gözler dur. Näme diýjegini bilmedi. Özüne agram salyp, ýuwdunyp: «Ene enedir oglum. Olaryň ikisiniňem dabanynyň aşagynda jennet bardyr» diýdi. 

  • Ata, maňa ol seň ejeň däl. Ol gazak sen türkmen diýdiler.
  • Parhy näme oglum, biziň hemmämiz Allanyň deň bendeleridiris. Hakdyr oglum, ol seň ejeň däl. Ejeň pahyryň ýogalanyna alty ýyl bolup barýar. Iman baýlygyny bersin bendä. Ýöne... – başga nähili atlandyrjagyny bilmän säginip – gazak ejeňem... gowy görýänsiň-ä? – diýdi. 

Magtymguly biraz sesini çykarmady. Balkyldaýan gözler aşak indi. Soňam ýene kakasyna dikildi.

  • Öz ejem, gazak ejemdenem gowumydy? 

Azady ogluna bada-bat jogap bermedi. Näme diýsin? 

  • Oglum. Men saňa mesepbaşymyz Ymam Agzam hakynda gürrüň beripdim. Ýene bir zady aýdaýyn, Ymam Agzam Serwerimiz gaty ir kakasyndan jyda düşýär. Seni ejeligiň ulaldyşy ýaly, ony kakalygy ulaldýar. Emma, bir gezegem kakalygymyň elinde ulalmaly boldum diýip gynanmandyr. Çünki herki zadyň sakasynda Alla durýandyr. Kim bilýär, hakyky kakasy Ymam Agzamy Ymam Agzam edip ýetişdirip bilermidi? Kakasy bolan bolsa, has gowam bolup bilerdi... Kim bilýär? Bu zatlara aklymyzyň ýetmejegi görnüp dur. Biz «eýle bolan bolsa, beýle bolan bolsa» diýip diňe ynsany ejizligimizi ýüze çykarýarys, şeýtanyň alyna gidýäris. Menem, senem häzir «ejeň bolan bolsady» diýsek azaşarys. Häzirki ejeňi agladyp, şeýtany güldüreris. Şol gazak ejeň öýümiziň bosagasyndan ätläli bäri sen onuň gujagyndan düşmediň. Indem Allahym kalbyňa şeýtanyň ýara salmasyndan gorasyn...

 

***

«Ol ejem. Hem ejem däl. Ejem däl bolsa ejem diýermidim? Ejem diýenim bilen ejem bolýarmy?»

  • Janam, näme ýüzüň salyk?

Ol sorasa-da, Magtymgulyň bu halyndan habarly, bir zatlar aňýan ýalydy. Mahal-mahal gulagyna pyşyrdap «Öweýdigiňi ýadyňdan çykarma. Näçe jan çekseňem dogurmadygyňa eje bolup bilmersiň. Bir gün ýüzüňe gelende bilersiň aýdýanlarymyň dogrudygyny...» ýene-de bir topar şuňa meňzeş zatlary diýip gidýän şeýtana hernäçe gulak asmasa-da, böwrüni diňlänini duýman galýardy. Magtymgulyň ýüzüni kese-kese sowmasy, birdenem bir zatlar sorajak bolup golaý-golaý oturşy, sorap bilmänem ýüzüni sallap gidişi... Bularyň hemmesiniň özi sebäplidigini aňypdy.

Magtymguly ahyry sorady.  

  • Eje sen haçan geldiň?
  • Nireden?
  • Öz ýurduňdan...
  • Sen çagakaň... 
  • Ejemiň ýerinemi?
  • ...Ejesizligiň ýeine balam.
  • Balam diýýäň, balaň däl ahyryn men.
  • Balamdanam ilerisiň. Balam sençe bolmazdy.
  • Ejem senden gowy bolandyr.
  • Ejäň ýerini tutjak barmy näme?
  • Onda näme üçin geldiň?
  • Bar git diýdiler... Ejeň bol diýdiler...

 

***

Magtymgula eje bolmak ýüki üstüne ýüklenen bu zenan Türküstan ýurdunda, Maňňyşlagyň çölünde ýeke galypdy. Ady Aýsuludy, Aý jemally Aýsuludy. Ilki ejeden-kakadan aýryldy. Soň adamsam ýogaldy. Ýeke başyna güzeran görmesi kyndy. Gel diýýän kändi. Emma hiç kim ony göwnedip bilmeýärdi. «Ýüregime daş asylgy ýaly» diýerdi. «Barsamam, baran içerime dert bolaryn...»

Bir gün düýşüne Hezreti Muhammet girdi. Başy ýaşyl selleli, ýanynda-da jennet buşlananlar bar. Düýş, emma, düýş ýaly ömre degýän düýş! Elinden tutup jennete alyp barýarlar. Aýsulu «Ýok» diýýär. «Utanman neneň gireýin? Gör ahyr jennetde kimler bar? Ol-a jennet eken, şu dünýede beýle adamlaryň oturan öýüne-de girmäge het edip bilmen.»

«Bolýar» buýurdy. «Onda adyna Azady dakanymyň içerisine gir... Türkmenleriň ýurdunda ýaşaýandyr, dag içinde. Bir gün hersi bir ýanyňda öýe salarlar. Bu saňa jennetden habardyr. Barçasyna güýji ýeten Kadyrdyr...»

Oýandy. Kim ol Azady? O nähili, hersi bir ýanymda? 

 

***

Aýsulu türkmenleri gyzka-da görüpdi. Zyýarata gelerdiler. Olara gözi gidip garardy. Görmegeý, salyhatly, az geplärdiler. Pygamber sünnetine, Allaha ybadatlarynda berkdiler. Ýurtlaram owadanmyş. Şol gezekki gelenlerem dagda ýaşaýanlardy. 

«Dagda, daşlaryň arasynda ýürekleri gysman nädip ýaşap bilýärkäler?» 

 Bu günem özi gitmeli daglaryň arasyna. Ýa şeýtanyň alymyka? Ünjä gitdi, ikirjiňlendi. Soň ýene türkmenleriň ýurduna barýan kerwene goşulyp ýola düşdi. Azadyny türkmenleriň arasynda kimden sorasa tanady. Döwletmämmet Azady... Garry Molla...

«Gaty garrydyr. Idetjegi ýokdur. Soň... amanadyny tabşyransoň  yzyma dolanaýaryn.»

Azadynyň obasyna geldi. Biriniň gapysyndan «Men seni idetmäge geldim» diýip nädip barjak? Ýogsa biri öňüňe düşsünmi? Ol-a has beter aýp. 

Sährasyny goýup gelen Aýsulu hakykatdan daşlaryň arasynda galan ýalydy. Gysylýardy, janyna-jaý, gidere ugur tapanokdy. 

«Gapysyndan maslahatyna, doga-dilegine mätäç bolup barýan kändir. Menem şolara goşularyn. Düýşümi aýdyp bererin. Nähili ýorsa şo bolar».

Azadylaryň öýüni salgy aldy. Aýaly bende göz monjugy ýaly çagalaryny döküp gidipdir. 

Düýşümde «hersi bir ýanymda» diýdiler. Düýşe bolşy ýaly düşünilmeýän bolaýmasyn? Ýa başga bir Azadymyka? Eý Hudaýym, öňüňdäki güni ýaşamasaň ol gün başyňa näme düşjegini biljek gümanyň ýok. Haýyrlysyny eýle. Resulyň «bar» diýdi. Menem geldim. Müşgülimi aňsat et.

Aýsulyň ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Ýüreginiň sesinden gorkdy. Ynha öýleri. Çaga sesleri gelýär. Öýde aýal ýokdur diýer ýaly däl. Daş-töwereklerinde hemme zat ýygnaşykly, ýerli-ýerinde, syrylyp-süpürlipdir. 

(Dowamy bar)

171 |