
Yaran Yagmur
Jemgyýetçilik işgäri
Ýeňiş taýýarlygy söýýär / Tymsal
1 minut alar

Ir säher bilen meýdanda atyny gezdirip ýören ýaş ýigit ýoldan geçip barýan goja seýis bilen salamlaşandan soň ondan haýyş edýär:
− Menem atymy çapyşyga taýýarlamakçy, atam. Kyn görmeseňiz maňa kömek bolar ýaly bir ýekeje maslahatyňyzy beräýiň!
− Sen atyňy näçe aýlawa salmakçy?
− Sekiz aýlawa.
− Beýle bolsa sen ony on iki aýlawa taýýarla, şeýtseň baýrak alarsyň, oglum. Meniň ýekeje maslahatym, ine, şu.
Eýsem-de bolsa, bu degerli maslahat diňe seýisçilige degişli däldir. Durmuş atly ullukan bäsleşigiň islendik görnüşinde-de ýeňiş diňe taýýarlygy söýýär. Ýeňiş üçin hakyky taýýarlyk – artykmajy bilen görlen taýýarlykdyr.