
Jurnalist
Ýekeje gezek
3 minut alar

Irden oglum bilen öýden bile çykdyk. Men işe, olam okuwyna – mekdebe. Aradan birki sagat geçensoň, men işiň arasynda saý-sebäp bilen öýe geldim. Seretsem, oglum öýde otyr, okuwa gitmändir. Men oňa: «Ikimiz bile çykyp gitdig-ä? Näme boldy? Ýolda, awtobusda ýaramadyňmy? Näme üçin okuwdan galdyň?» diýip soradym. Jogap bermedi. «Aýdaý» diýip, birki gezek ýalbardym. Aýtmady. Meniň ýalbaryp oturanymy görüp, ataly ogluň arasyndaky gürrüňe ejesi goşulmaly boldy: «Aýdaý, oglum! Ýogsa, men aýdaýynmy?». «Hawa, sen aýdaý, eje!» diýip, oglum ýanymdaky oturgyja geçip otyrdy. Oglum oturgyjyň üstünde aýagyny sallap oturmady-da, hamana, uly bir etmişi bar ýaly çommalyp oturdy, iki elini hem aýagynyň daşyndan aýlap birleşdirdi, kellesini bolsa iki dyzynyň üstünde goýup, yraň atmaga durdy. Aýalym wakany gürrüň berdi:
– Awtobusa münen badyna bugün bedenterbiýäniň bardygy ýadyna düşüpdir. Asyl, ol ir bilen öýden çykanda bedenterbiýe formasyny alman çykan eken. Öýe, yzyna gaýdyp gelensoň, men ony ugratjagam boldum. Hatda mugallymyna jaň edip, «biraz gija galýar welin, baraýsynmam» diýdim. Mugallymy: «Gelibersin» diýdi. Ýöne ol etmedi, okuwdan galdy oturyberdi
Men ogluma gahar etmedim. Bu ýerde gaharlanar ýaly zadam ýok. Ýöne şonda-da ata hökmünde sargap galaýyn diýdim:
– Gidäýmeli ekeniň, oglum! Indiki-le beýtme, gijä galjagyňy bilseňem, okuwa git. Birinji sapaga ýetişmeseň, ikinji sapaga ýetişersiň-dä. Ejeňem mugallymyňa jaň edip aýdaýar-da.
– Ýok, kaka! Men şu wagta çenli sapaga gijä galyp göremog-a. Utanýan onsoň. Hemme kişiden soň klasa barmaga utanýan.
– Utanma, näme utanyp?! Elmydama gijä galyp ýören dälsiň-ä! Klasyňyzda mydama gijä galyp gelýänler barmy?
– Hawa, bar.
– Ana, şolar utanmaly utanjak bolsa, sen käwagt gijä galanyň bilen utanyp, şol gün tutuş okuwdan galyp ýörseň bolmaz-a!
Bu wakanyň mende ruhy sarsgyn döreden ýeri, hasam, özümiň iň soňky aýdan sözlerim boldy. Käwagt adam özüniň nähili ýalňyş goýberenini bilmese-de, ýalňyşanyny duýýar. Meni biynjalyk eden duýgy hem şuňa meňzeş bir zatdy. Uzynly gün «şolar utanmaly utanjak bolsa» diýen sözler kellämde ýaňlandy durdy. Onsoň, bir kemçiligiň, näsazlygyň barlygy hakdaky güýçli duýgy meni şeýle pikirleriň üstünden eltdi:
Oglum entek üçünji klas oglanjykdy. Ýöne ol mamlady. Aslynda, onuň aýdýany dogry. Kalbynyň päkligi oňa dogry gepi aýtdyrýar. Ol entek şeýle bigünä çagajyk welin, synpa hemmelerden öň baryp oturmalydygyna gara çyny bilen ynanýar, şonuň üçinem ömründe ýekeje gezek gijä galyp klasa girmekligi mugallymyna bolan hormatsyzlyk hasap edýär. Ol «Ýekeje gezek gijä galanym bilen hiç zat bolmaz» diýenok. «Ýekeje gezek gija galsam, köp zat bolar» diýjek bolýar.
Men oglumyň şeýle çynlakaý, şeýle päk bolup bilşine geň galýaryn. Eger uly adamlaram, şol naşyja oglanjyk ýaly bir gezejik aldamagy, ýeke gezejik p... almagy, ýekeje gezek dadyp görmegi, ýekeje gezek seredip görmegi we ýene şular ýaly müňlerçe ýekeje gezeklere – Beýik Biribara bolan hormatsyzlyk diýip düşünen bolsadylar, olaryň imanlarynyň güýji şoňa ynanmaga ýetsedi, onda Ýer ýüzünde (hasam biziň ýurdumyzda) ýaşaýyş gör nähili üýtgeşik boljak eken...