Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýazmak hakda

2 minut alar

            Haýsy bolsa-da bir işde tejribe edinmek; netijesinde üstünlik gazanmak üçin güniň belli sagadynda belli wagt aýyryp oturyp şo etjek bolýan zadyň bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Meselem ýazmak, okamak, keşde çekmek, saz çalmagy öwrenmek ýaly. Her oturaňda iş edinip başyna barsaň elbetde bolmajak zat däl emma asyl mesele şol başyna barmakdamyka diýýän. Meselem şu ýazgyny haçanky başyna baryp bir zatlar ýazaýyn düşünjesi bilen gezip ýörmegiň ýerine şony amala aşyraýyn niýeti bilen başga hiç kim üçin däl özüm üçin ýazyp otyrn. Peýdaly bolar/bolmaz ýaly gürrüňleri başga wagtyň temasy edip yhlas bilen iş edeňde bolýandygyna ynanmak (motiwasiýa), işe bolan höwesiň artmagy üçin haýsy argument peýdaly boljak bolsa ulanmagam öwrenmek gerek. Kofe içip kitap okamagy endik etmek ýa çaý demläp makalalary gözden geçirmek ýaly. Belki has täsirlisi uzak möhletde ýetip boljak sepgitlere özüňe maksat edinmek. Men ortaça 10000 sagat oturyp ýazgy ýazmak bilen meşgullansam kime näme peýdam deger (birilerine peýdaly boljak bolmak nähili gowy zat), hiç kime haýrym degmesede içimdäki gurymlary çykaranym üçin özüm rahat tapjak bolsam olam bir hasap. Elinde 10dan gowrak çap edilen-edilmedik eseri bolan bir daýym bilen bir gezek patada dünýäň meselelerini çözüp otyrkak tema kitaplaň daşary ýurtlarda çap edilmegi, internet arkaly paýlaşylmagy onsaň okalaýanda şotaýdan belki bäş manat gazanmak ähtimallygyny gepleşip otyrdyk. Şotaýda oturan ortaça 10 adamdan okuw ýazuw öwrenip näçesi şu güne çenli näçe kitap okadyka sorap görelimi diýdim. Sorap oturasy zat ýok netije köre mälim. Onda sen kitaplaňňy şular okasyn diýip ýazmadyk bolsaň otaýdan geljek girdeýjini senä görmeýäň, menem görmen belki meň çagalam olaram kitap bilen ulalsalar görmekleri ahmal diýdim. Şol kitaplary okamadyklaň birem meň özüm. Şu gürrüňden soň ýene iki sany roman ýazypdyr. Onda diýmek bärdäki motiwasiýa ‘’okalsyn’’ däl bolsa gerek. Gepiň tümmek ýeri Malcolm Gladwell-iň Çyzykdan Çykanlarynda (Outliers) agzap geçişini bir sözlem bilen jemlesek; yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar.

    

12 |