ÝAŞYL ŞÄHER – GELJEGIŇ KEPILI
1 minut alar
Şäherleşme dünýäniň ähli ýurtlarynda depginli dowam edýär. Adamlar şäherlere göçüp, senagat we hyzmat ugurlary boýunça işleýärler. Emma şäher giňeldikçe, ýaşyl meýdanlar, baglar we tokaýlar azalmaga başlaýar. Netije-de, şäherde ýylylyk artýar, howanyň hili peselýär, adamlaryň psihologik ýagdaýy hem bozulýar.
“Ýaşyl şäher” düşünjesi dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ol diňe bir köp bag ekişligi däl-de, eýsem, şäher gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda tebigata laýyk çemeleşme arkaly amala aşyrylýan ulgamdyr. Bu düşünje boýunça:
köçeleriň gyralarynda baglar ekilýär,
jemgyýetçilik ýerlerinde çyglylyk saklaýan göller döredilýär,
jaýlaryň üçeginde, hatda diwarlarynda-da ösümlikler ösdürilýär,
awtoulaglaryň sanyny azaltmak üçin welosiped ýollary giňeldilýär.
Eziz Diýarymyzda hem şäherlerimizi ýaşyl zolaklara baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Ýaşyl şäher diňe bir owadanlygyň däl-de, eýsem, ýaşaýyş hiliniň artmagyna, adamyň beden hem-de ruhy saglygynyň gowulanmagyna getirer.
Umar BABAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň bölümçe müdiri.