Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

ÝAŞYL DÜNÝÄ – GELJEGIMIZIŇ KEPILI

1 minut alar

Dünýäniň tebigy baýlyklary diňe bir häzirki nesiller üçin däl, eýsem geljekki nesiller üçin hem ýaşaýşyň binýadydyr. Biosfera – ähli janly-jandarlar, ösümlikler, suwlar we atmosfera bilen bilelikde, ýaşaýşy saklaýan örän çylşyrymly ulgamdyr. Bu ulgamda iň möhüm gatnaşyjylaryň biri hem adamzat bolup, onuň edýän hereketleri ýer ýüzüniň geljegini kesgitleýär.
Soňky onlarça ýylyň dowamynda dünýä ekologiýasy öň görlüp-eşidilmedik derejede basyş astynda galdy. Iň uly meseleleriň arasynda tokaýlaryň ýitmegi, howanyň hapalanmagy, suw çeşmeleriniň azalmagy we ählumumy ýylylyk bar. Bu ýagdaý diňe tebigata däl, eýsem adam saglygyna hem howp döredýär.
Geljegimizi goramagyň ýeke-täk ýoly – adamlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, ýaş nesle tebigata hormat goýup ýaşamagy öwretmek we giň gerimde ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. “Ýaşyl dünýä” diňe bir söz bolman, eýsem ol biziň we geljekki nesillerimiziň hem ýaşaýyş kepilidir.

 

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň uly hünärmeni.

3 |