Jurnalist
Ýaşasyn baky sungat!
2 minut alar
Adamy öwmegem sungat. Esasanam, öwmegiň öwülip, döwmegiň döwle-döwle döwlüp bütinleý ýok bolan dillerinde öwmek bilen bagly sungatlar hasam inçelýär. Sungat inçeldigiçe oňa siňdirilýän azap hem artýar. Onsoňam, bu ýerde gürrüň diňe öwmekligiň söz üstündäki oýunlary barada gitmeýär. Sebäbi sungatyň sungat bolmagy üçin sünnälenip ýerine ýetirilýän işiň maddy we ruhy taraplary doly işlenen bolmaly. Garaz, sungatda materia bilen ruh deň işlenmeli.
Esasy gürrüňe gaýdyp geljek bolsak, öwmegiň sungata öwrülen dilinde, mysal üçin, öwülýän şahsyýetiň bakylygy hergiz üns merkezinden düşürilmeli däl bolýar. Döwrüň esasy şahsyýeti diýip hasaplanýan adamy öwülýän bolsa, mysal üçin, oňa «sarpasy belent penakärimiz» diýdik diýeliň. Ras, bir adamy bakylaşdyrdykmy, onda biz bu öwgüni diňe sözde däl-de, iş ýüzünde-de (ruhda-da) ýöredýäris diýmek (diýdirmek) üçin, ýaňky öwülenden soň gelmeli indi öwüljek şahsyýeti öwenimizde-de başdakynyň mertebesini peseldiji sözler ulanyp bilmeýäris. Mysal üçin, başdaky «sarpasy belent penakärimiz» bolsa, ondan soňky (ýerine) geljek adam «sarpasy belent penakärli hormatlymyz» bolmaly, ondan soňky geljek hem: «sarpasy belent penakärli hormatly mähribanymyz» ondan soňky hem: «sarpasy belent penakärli hormatly jepakärimiz», ondan soňky: «sarpasy belent penakärli hormatly mähriban jepakär göz guwanjymyz»....Köp nokatlar köpeldigiçe, başdaky öwülýäniň «baky» ýaşadylmak islenilýäniň «sarpasynyň» üstüne soňkylaryň hem «baky» ýaşadylmaly «derejeleri» girizip gidilip otyr. Umuman, bularyň ählisinde-de özlerinden bir öňki şahsyýetiň mertebesi ýaşaýar, öwmegiň maddy we ruhy esaslary doly saklanýar! Ýaşasyn baky sungat!!!