Teswirler (8)

Ýüklenýär...

Ýaşa, haýyr işe meşgul bol!

3 minut alar

Täze ýylyň ýetip gelýänine uludan-kiçi hemme begenýär. Kiçileriňki düşnükli. Olar ösüp barýarlar, her täze ýyl olara täzelik.  Mekdebe gitmelileri täze ýyl mekdebe gitmeli diýşip ýylyň täzelenmesine garaşdylar. Dogrusy, olar muny doly göz öňüne-de getirmedik bolmaklaram mümkin. Ýöne täze ýyl geldi, diýmek olar bahym okuwa giderler. Okuwy gutarjaklaryňky has şatlykly. Olar mekdebe girip aga-gara düşünip ugranlaryndan mekdebi tamamlajak ýyllaryny belläp ýördüler. Ine şol ýylam ýetip geldi. Gulluga gidenler, gullukdan gelenler, öýlenjekler, öýlenenler... Garaz, garrylardan başgalar täze ýyl bilen özlerine näme-de bolsa bir şatlygyň geljegini aňýarlar, göz öňüne getirýärler. Garrylyga gadam basanlara welin, her täze ýyl özi bolmasa-da, soňky ýyly, soňky güni, soňky demi ýakynlaşdyryp gidip otyr. Onsoň olar nämä begenýärkäler? Özümden hasap soraýyn, nämä begenýän?

Dogry, çaga ýa ýetginjek ýaly begenmesemem menem täze ýyla begenýän. Golaýlaşýan “soňkylar” ýadyma-da düşüp baranok. Ýadyma düşende-de olary ýakynlaşdyrmazlyk elimde däl. Gynanymdan netije-de ýok diýip bialaç begenenlerden bolýandyram öýtmäň. Bolmanda, "bende şunça ýyl ýaşady, armany galmady" diýerler. Ýöne armanyň galyp-galmazlygy ýaşyňa bagly bolsady. Ýüz ýaşa golaýlabam, ömri haýp geçdi diýdirip bilersiň. 30-35 ýaşabam ömri gelene degdi diýidiribem bilersiň. Çünki armansyz ötmek ýogam bolsa, bolmanda eden, bitiren işim boldy diýerlik gor edinmek, aňryk eliň boş barmazlyk ýyllara däl-de özümize bagly zat. 

Esasy sowala jogap bermän, hemmeleriň bilýän zadyny aýdyp otyryn. Emma sowaldan gaçmak asla pikirimde-de ýok. Siziň bilýän zatlaryňyzy mysal getirip berjek jogabymy özüňiziň akylyňyza geler ýaly etmekçi bolýaryn. Bu sowala ýeke men däl, häzir meniň ýalylaram, biraz soňrak, gutulgysyz meniň ýaşyma ýetjeklerem jogap bermeli bolar. Gurbannazar şahyryň: 

“Kim tapypdyr pany diýip barlyga,

Ýaşanyňa juda degýär bu dünýe” 

diýen setirlerini ilki-ilkiler känbir oňlasym gelmändi. Onuňam sebäbi bu dünýä pany diýenler gaty akyldar adamlar. Olara garşy gitmek dogry bolup bilmez diýip düşünipdim. Indi seredip oturýan welin, Gurbannazaryň şol akyldarlara garşy gitmek pikirinde-de bolan däl bolsa gerek. Ol başga bir goşgusynda “Men nire, sen nire eziz Pyragy” diýýär. Ýöne bu dünýäň ýaşanyňa degýändigini aýtmak, onda-da Gurbannazaryň düşünjesi bilen (Ol Ezraýyl bilen çaýlaşyp, ony öýünden ugradyp ýören düşünjedäki şahyr) dünýäň ýaşanyňa degýändigini aýdypdyr. Onuň panydygyna ynanasy gelmez ýaly derejede aýdypdyr. Bu setirleri Gurbannazaryň näme üçin ýazandygyny mümkin düşündirip bilen däldirin, ýöne oňa düşünýän. Ol bu dünýäň süýjüligini durky bilen, ýürejiginden aýtmak isläpdir. Ýagty jahanyň gowudygyny aýdanlar entek demiň gelip gidýärkä sende azajygam bolsa sogap gazanmaga mümkinçiligiň bardygyny aýdýarlar. Bu dünýe sogap bazary. Ony näçe köp alyp bilseň zerre ýaly şeriňem, zerre ýaly haýryňam terezä mündüriljek ýerinde peýdasynyň degjegi düşnükli bolsa gerek. Ýaşa, sogap gazan. Ýaşa, haýyr işe meşgul bol. Ýaşa, günä tarap barýany ýolundan sow. Menä şonuň üçin her gelen ýylyma begenýärin. Belki-de şu wagta çenli edip bilmedik ýagşylygymy etmäge mümkinçilik bolup gelendir bu täze ýyl? Ol-a ýyl eken, her günki dogan güne biz “Ertirimiz haýyrly bolsun” diýmeýärismi näme? 

Kakam pahyr “Gün üstüňize dogmasyn” diýerdi. Biz ýatmak üçin gelmedik. Biz ahyrynda ajaldan gutulmajagam bolsak, ýaşamak üçin geldik. Ýetmiş bolsun, segsen bolsun... 

Kakamyň ýene bir aýdan zady ýadyma düşýär. Oňa eden ýagşylygy üçin biri “Ýüz ýaşa, agam” diýdi. Kakamam “Ýüz ýaşadyp, özümi oňarman ýörenimi görjekmidiň? Gowsy sen maňa “Taňryýalkasyn diýäý” diýipdi. Eliňden ýagşylyk gelerlik halyň bar bolsa,  Hemengueýiň "garrysy" ýaly deňize çykarlygyň bar bolsa “Ýaşanyňa juda degýär, bu dünýe”. 

Täze ýylyňyz gutly bolsun, haýyrly ýyl bolsun!  

87 |