Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Ýaranlar, ýetmek ýok Subhan syryna - 4

6 minut alar

Beýle ýagdaýa düşen adamyň esasy ýalňyşy − Hudaýyň hemme günälileri ählumymylyk we hökmanylyk kanunyna laýyklykda tutuşlygyna topbaklap, dowzaha salmaga mejbur däldigine, Onuň erkiniň azatdygyna, Allanyň ýalkawynyň we gargyşynyň ynsanyň dünýädäki etmişlerine görä has ezelidigine düşünmeýändikleri. Sen näçe günäkärem bolsaň, entek dirikäň Hudaýyň bu dünýäde-de, o dünýäde-de seniň üçin näme taýýarlandygy saňa mälim däldir. Ýaradandan biidin öz ykbalyňy bir tarapa çözüp oturybermegiň özi küpürligiň we gedemligiň aňrybaşydyr. Allatagalanyň bendesi bolsaň, öňde-soňra Onuň ygtyýaryndasyň. Şonuň üçinem şunça eden günäleriňden soňam, ýene-de Onuň  gazabyndan gorkyňa saňňyldap we ýalkawyna umytdan gurbatlanyp, mytdyllap, ýoluňy dowam etdirmelisiň. Sen Ondan umydyňy üzer ýaly, Onuň senden umydyny üzendigini sen nireden bilýärsiň?!  
Ybraýymyň Hudaýynyň zabunlygynyň hem, rehimdarlygynyň hem çäksizdigine düşünýän bende, ömrüniň ahyrky demine çenli Onuň kereminden umydyny üzmez. Ilki ýürekden toba kylyp, soň eli-aýagy, bedeni entek sagka ybadat we haýyr-sogap işler bilen Allatagalanyň razylygyny gazanmaga çalşar (otuz dokuz adamy öldürip, toba eden ganhoryň soň kyrkynjyny öldürip, günäsinden ýüznüşini ýatlaň). Emma el-aýagy, göwresi gurpdan galyp, haýyr işe mejaly ýetmäýän günäliniň hem halys köňülden eden tobasynyň iň soňky deminde kabul bolmagy aradan aýrylmaýar. Çünki Allatagalanyň erk-ygtyýaryna çäk-serhet ýok, ol tebigatyň, jemgyýetiň düşünjesiniň ýa-da ynsan paýhasynyň hiç bir kanunlaryna baglanmadyk, erkina, öz-özlügindäki erk-ygtyýardyr.
 Diňe tebigatyň, jemgyýetiň düşünjesiniň ýa-da ynsan paýhasynyň galybynda pikir edip, olaryň kanunlarynda bolşy ýaly hökmanylygyň hökman dabaralanjakdygyna, netijäniň eýýämden bellidine ynanýan günäli bende bolsa ahyretden özüne hiç hili gowulyga garaşmaz. Onsoň, iň erbedi, eli-aýagy, bedeni entek sagka onuň bu dünýädäki soňkuja mümkinçiliklerden peýdalanyp galmak üçin günä işlere hasam berk ýapyşmagy mümkin. Hut şeýle umyt-çykalgasyz oý-pikirler sebäpli ömrüniň iň soňky pursatlarynda pyssy-pujurlygyň laýyna öňküdenem beter batyp giden şahsyýetleri taryh bilýär.

IKINJI ÝAGDAÝ. 
Hudaýyň emrini berjaý kylyp, ybadaty we haýyr-sogap işleri köp edenler Hudaýyň olaryň özleri ýaly mömin bendeleri ählumymylyk we hökmanylyk kanunyna laýyklykda topbaklap, jennete salmaga mejburdyna ynanarlar. Bu hem Eflatunyň “Hökmanylyk bilen hudaýlaram jetleşmeýärler” diýşine barar. Şeýlelikde, şolar ýaly mömin bendeler ömürleriniň soňunda imanyň bir daýanjy bolan Allatagaladan gorkyny ýitirerler. Imanyň beýleki daýanjy bolan Allatagaladan umyt barada aýdylanda bolsa, ol bularyň aň-kalbynda umyt bolmagyny bes edip, pugta ynama öwrüler. Ýagny, olar özlerine ahyretde ýalkawyň üpjün edilendigine şübhesiz ynanarlar. Olar Allatagalanyň goýan şertlerini amal etdilermi, Allatagala hem öz eden wadalaryny hökman berjaý etmelidir ahyryn. Ine, olaryň belläp alany. Eger sen Allanyň emirlerini ýerine ýetirip, üstesine haýyr-sogap işleri hem eden bolsaň dagy, onda o dünýäň abatlygy saňa 200 göterim kepillendirilen. Onda (estagpurulla!), Hudaý saňa iki dünýäde-de bergili, borçly! Şeýle garaýşy XVII-XVIII asyrlarda dolandyran fransuz koroly Lýudowik XIV-niň aýdan bir jümlesi örän oňat suratlandyrýar. Ýurduň gülleýän mahaly buthana üçin esli harajat goýberip, din üçin haýyr-sogap işleri eden bu patyşa soň-soňlar öz şöhratparazlygy we keýpi-sapasy üçin, şeýle hem şowsuz daşary syýasaty sebäpli köp çykdaýjylara galyp, iflasa sezewar bolupdyr. Şeýle ýagdaýda dartgynly köşk maslahaty gidip durka, onuň birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly gahar bilen ruhanylara ýüzlenipdir: “A Hudaý näme maňa kömek edenok? Ol, näme, meniň oňa eden şunça ýagşylyklarymy ýadyndan çykardymy?” Ine, şeýle. 
Bu – çäksiz häkimiýetiň etdirýän zatlary, ýaranjaňlara aňyny aldyran absolýut monarhyň samramasy, onuň häzirki durmuşa dahyly ýok diýmegiňiz mümkin. Onda men öz görüp ýören ýönekeý garamaýak, özüni takwa saýýan, emma iki adamdan hormat görse üçünjiniňkiden başy aýlanyp, şonçarak gedemlige düşen, onuň üçinem Hudaýa “odolženiýe” edip ýörenleriň birini mysal getireýin.
Ençe ýyl mundan öň bir tanşym saglyk sadakasyna çagyrdy. Molla lybasly bolmasa-da törde oturan pälwansypat, ýapy ýaly pyýadanyň doga-töwür etmeli adamdygy bildirýärdi. Gapdalyndaky öý-işikli bolana meňzeýän inçemik ýaş ýigidem onuň hem ogly, hem şägirdidi. Oturanlar on bäş adam töweregidi. 
Ol mollaçar adam uzagrakdaky obalaryň birinden ýörite bu kiçijik sadakany sowmak üçin gelen-ä bolmaly däldi. Ony men tanamokdym, onuň näderejede molladygyny bilemok. Ýöne özüniň hiç kime gezek bermän, lagyr-lagyr berýän gürrüňlerinden görnüşine görä ol aslynda işçi adam. Indi iliň toý-ýasyny sowup ýören, onsoňam döwük-ýenjigi bejerýän, mahlasy il derdine ýaraýan adam bolarly.
Bu, elbetde, gowy zat. Şeýle adamlar kän bolawersin. Emma märekede boýdan-başa diňe özi hakda gürrüň bermegi eýýäm gelşikli zadyň alamaty däldi.
Howa, ol ilki bilen özüniň ejir-külpetli ýaşlygy, özüniň nähili güzaplary ýeňip geçendigini aglaýjak-aglaýjak bolup gürrüň berdi. “Ah-heý, görülmedik görgi galan däldir” diýip, başyny ýaýkaýardy. Elbetde, onuň ykbalyna düşen kynçylyklara, ony ýeňip geçen gaýratyna-da ynanmazlyga esas ýokdy. Agyr zähmetde bişişen adamlygy daş sypatyndanam bildirýärdi. Emma gürrüň bermek bar, gürrüň bermek bar. Ol bu nalyş-şikaýatly gürrüňleri beriş äheňi başyna düşen nähak görgüleriň kimdir birinden hasabyny soraýan ýaly duýgyny döredýärdi. “Sen başyma bulary saldyň, menem-ä gaýratym bilen ýeňip geçendirin, emma ýadymdadyr” diýip, kimdir birine minnet bilen ýatladýan ýalydy. Gürrüňiň soňky barşynda onuň, dogrudanam, minnet edýänligi, howä, howa, ol nadanyň “gaýrat” diýýänini hem ýene Özi beren ähli barlygyň Eýesine minnet edýänligi belli boldy.
Soň gürrüňiň şatlykly bölegine geçen ýaşuly (ol sakgally-sarmakly goja däldi, elli bilen altmyşyň arasyndaky, “raýat” eşikli daýaw pyýadady) özüniň öz azaby bilen ýeten häzirki derejesi barada keýpihonlyk bilen söhbet etdi (umuman-a, gürrüň berýän diňe onuň özüdi, beýlekiler diňe auditoriýady). Onuň Allatagala edýän ybadatlary, il-güne toýda-ýasda hyzmatlary, döwük-ýenjikde edýän şepagatlary barada buýsançly gürrüňleri astynda nahar iýlenden soň ataly-ogul töwür edip berdiler. 
Çaý-süýji orta gelende öz gürrüňlerinden (beýle gürrüňi ol her baran sadakasynda berýän bolsa-da biçeme däl) içi gowzan ýaşuly “Men size şerigatdan bir sorag berjek, kim çözüp bilýär?” diýip, şadyýan bilim synagyna geçdi. Meniň öňem märekede köp eşiden bu sowalym (dogrusy, sadaka sowup oturan molladan muny birinji gezek eşidýärdim): “Köpden bäri är ysyny almadyk bir ýalňyz gelin sizden ýakynlyk islese nähili hereket şerigata laýyk bolar?” 
Ýanymda oturan mollaçaryň gözüni güldürip beren sowalynyň öňden eşidip gelýän jogabyny bilsemem bilmeýän ýaly dymyp oturdym. Birinjiden, onuň il arasynda aýdylýan jogabyny aýtmak islemeýärdim, ikinjidenem, mollaçaryň munuň jogabyny ilden eşitmän, özüniň aýdasynyň gelýändigi bellidi. Beýleki oturanlardanam belki bilýänleri şu sebäpden seslerini çykarman, sözi mollaçaryň özüne berdiler.
“Elbetde, beýle ýagdaýda onuň islegini kanagatlandyrmaly – diýip, gözleri oýnaklaýan mollaçar muny delile getirdi – Eýsem, çölde susap, gurap oturan agaja bir bedre suw bermek sogap dälmi?  Sogabyň ulusy! Bulam şeýledir-dä. Suwaryp goýbermek diňe sogap bolar ony.
Oturanlaryň käbiri göwünli-göwünsiz gülşen boldular. 
Soň näme sebäpden bilmedim – ýa gülüp-ýylgyrman oturanymdanmy, ýa-da edil ýanynda oturanymdanmy – mollaçaryň uçugy maňa düşmezmi? Birinji gezek görse-de, özi bilen meni deňeşdirip, özüni dindarlygyň, meni jahyllygyň mysaly hökmünde görkezmäge, ýokardaky ýaly soraglary berip, dini bilimimi barlamaga, garaz meniň hasabyma özüni hasam beýgeltmäge aýlanyşdy. 
Men bir kere, iki kere ugruna kowup, näme diýse ylalaşyp, başymdan sowaýmakçy boldum, emma bolar ýaly däl. Onsoň onuň bolşunyň we edýän gürrüňleriniň imana zyýanlygyny kakdyrdym.
Özüni şu wagtdan jennet buşlananlardan hasap edip ýören molaçar ör-gökden geldi. Sözlerimi açyklamagymy talap etdi.
Oňa nähili deliller getirenim indi ýadyma düşenok, emma şonda ýaňky mollaçara we oturanlara şu tymsaly aýdanym ýadymda:
Geçmişde bir patyşa Allanyň hatyrasyna haýyr-sogap iş hökmünde bir uly metjit gurdurýarmyş. Bir gün düýşünde terezi görýär. Tereziniň bir jamynda onuň saldyrýan metjidi, beýlekisinde bir kürüşge süýt barmyş. Süýtli tarap aşak basýarmyş. Patyşa munuň sebäbini soranda şeýle jogaby eşidipdir: “Ol süýt bir garyp kempiriň metjidiň gurluşygynda işleýän bir işçä ak ýürekden beren süýdi. Ol bu süýdi sogap gazanmak, munuň bilen ahyretde sylaglanmak niýeti bilenem däl, ýöne Allanyň hatyrasyna onuň bir bendesine rehimi inip berdi. Şeýle mähir-yhlas bilen berlen bir kürüşge süýt seniň hasap-hesibiňde bu dünýäde at-abraýa we o dünýäde ýalkawa sebäp bolmaly metjidiňden agyr basdy”.

 

43 |