Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Ýag_ylyk; ş/t?

3 minut alar

Kelleçanagymyň içindäki synamyň üstündäki öwrümleriň garyşyklygy deýin bidüzgün durmuş hasyrdysyndan gaçyp, bir-iki salym "Kellämi diňläýin, içdäkiň sesini, ahy-nalasyny eşideýin" diýip geldim diýsem belki siz ynanarsyňyz welin özümi aldadygym bolar. Aslynda, şu sahypadaky ähli makalalar "Haçandan bäri ýazamogaý" diýip özümi zorlanymdan soň ýazylan, "Disillusionment"-den galany. Emma bu, içimiň boşlugyndan ýaňa däl öýdýän, aşa dolulygyndan ýaňadyr belki. Men, soňky ýyllarda ýazmakdan uzaklaşdym, hatda okamakdanam, diňlemekdenem, belki-de görmekdenem. Uzaklaşdygymça nätanyşlyga ýakynlaşdym, hem özümiň, hem dünýäniň nätanyş taraplary bilen ýüzleşdim, şeýdibem ýüzsüzleşdim, edebiligim küteldi. Ýagny umuman küteldim. Bu ýazuw deňziniň kenaryna hut bu gije labyr atmagymyň asyl sebäbi bolsa, käbir ýüzleşmelerimi bärde hem bellemesem bolmaz öýdüşlerim, belki-de öý düýşlerim sebäplidir... (asyl öýümiz düýşlerdemi, bulam aýry mesele).

Başlamazdan öňürti, size soragym bar: Ýagşylyk ýagtylygyň sebäbimi ýa-da ýagtylyk ýagşylygyň?

Öz durmuş perdämden seredýän dünýäm soňky döwürler has kesgir bolmaga başlansoň, soňsuz gatly binadan çüý kimin ýere dik okdurylyp barýanlygym bir ýana, her sapar "Indä ýetendirin ýere" diýenimde hasam batlanýandygym (hawa, fizika hem haýran muňa) sussumy peseltmäge meýilimi güýçlendirse-de poladymy ýumşak tutmazlyga eýerdim. Her näme-de bolsa, dözümli durmuşa çydamly ýürek gerek.

Düýbiňem düýbi bar. Sen guýydan aşak gaçmaga başlanyňda ilkibaşda üns çekersiň, her kim ýa gynanar, ýa begener, ýa kömek etmäge synanyşar, emma has aşaklara gaçdygyňça göz görejinden ýitip başlarsyň we hakyky ýalňyzlyk şonda başlar. Durmuşda kynçylyklaryň köpelmegi bilen ýalňyzlygyň artmagy paralleldir. Sebäbi sen kynçylyklaryň bilen göreçden ýitersiň, has çuňlara gaçarsyň, emma seni ýykjak iň soňky zarba göreşde ýitip gitmegiň bolar. Göreçden ýitensoň göreşde ýitmän galmagy başaranyňda bolsa guýyň düýbünde durkaň ýokardan gelýän ýagtylygy görüp bilersiň. Ol çeşme seni ýene umytlanmaga iterjek höwes bolar. Elbetde guýyň iň aşagyna ýetmegiň ähli kynçylyklaryň soňy diýmek däl, garaňkylyk dowam edýär, asyl göreş şonda başlaýar. Ol göreş näme? Kinesizlik. Kinetiki energiýadan soňky kinesizlik.

Sen guýa gaçýan wagtyň göreçden ýitmäge başladygyňça seni gurşan ýalňyzlyga we seniň dadyňa ýetişmediklere hut şu pursat, yagny gaçyşdan saplanyp düýpde dem dürsäňde ýüzlenmek göreşiň ilkinji ädimidir. Guýyň iň çuň nokadyna sary özbaşdak gaçmagy başardyň, bu aýratyn öwgä mynasyp, emma seni ol guýydan diňe ýagtylygyň gelýän tarapyndan geljek ýagşylyk halas eder. Sen ol ýagtylyga seslenip ýagşylyk talap etmegi başarmaly bolýarsyň. Kynçylyk şonda sapaga öwrüler we ol sapak iňňe ujyndan geçip ýaralary diker, ýagtylykdan sallanan ýüp, ýagny kynçylykdan alynan sapak bilen guýy deşigi aşakdan ýokara çenli diňe sen we seni çekýän ýagşylygyň kömegi bilen ýapylar. Her iňňeden geçýän sapagyň aýratyn hekaýasy bardyr, sen özüňe iňňe boljaklara kinli garama we başgalaryna-da iňňe bol we sapak uzat. Ýagşylykdaky ýagtylygy görmek üçin ýagtylykdaky ýagşylyk bol.

Şuny ýarym sagat içinde ýazdym emma ýazmaga başlan wagtymdaky ruhy ahwalatym bilen şu wagtky halym düýpgöter parhly. Käte käbir mejburlyklar şeýle gowy netijelere sebäp bolup bilýär. Göreşmek hem mejburlyk. Bu mejburlykdan lezzet almak aňsat däl, emma şahyr agaň hem aýdyşy ýaly, kyn hem däl, diňeje ejiz bolmazlygy başarmaly. Onda näme, meýletin mejburlygyň bu sanynda sizleri hoş gör…görüneňizok maňa welin hoşsuňyz diýip umyt edýärin. Häzirlikçe däl, mydama thug boluň, sebäbi durmuş thug.

15 |
|