Öwreniji
Wagtyňy has gowy ulanmak üçin 20 minut düzgüni
2 minut alar
Giriş
Gündelik durmuşda adamlar birtopar zatdan zeýrenýärler. Olaryň biri hem wagt ýetmezçiligi. Bu makalada wagty nädip has gowy ulanmalydygy barada öwrenen usullarymyň birini paýlaşmakçy.
20 minut düzgüni
"20 minut" hakda nireden eşidendigimi ýadyma düşenok, yöne şondan bäri telefonymdaky taýmer hemişe ýanymda. Kiçijik ädimler düzgününi eşiden bolsaňyz gerek( bu barada "Zynjyry döwme" makalamda has giňişleýin maglumat tapyp bilersiňiz). Kiçijik, yöne gündelik ädimlerde maksadyňyza barmagyňyz üçin köp ulanylýan strategiýa. 1 gezekde 1 kiçijik iş. Men oňa 20 minut düzgüni diýýärin. 20 minut düzgüni bir işi etmek üçin edilýän prinsip, ýöne wagt bilen baglanyşykly. 20 minutlap, asla etmek islemeýän islendik hereketinize çydap bilersiňiz. Bu bir zady edip başlamagyň, ýaltalyga garşy göreşmegin we höwesiňi ýokarlandyrmagyň gowy usulydyr. Siz muny özüňizi kämilleşdirmek üçin islendik ugurda ulanyp bilersiň. Meselem ony ulanmaga başlamak üçin aşakdaky ugurlar size peýdaly bolarmyka diýän.
- Günde 20 minut sport bilen meşgullanýan adam, saglygy barada alada etmeli däl.
- Günde 20 minut öýüni arassalamak bilen meşgullanýan adamyň bulaşyklyk hakda alada etmeginiň zerurlygy ýok.
- Konsentrasiýaňyzy gowulandyrmak üçin günde 20 minut aýyrsaňyz (meselem meditasiýa edip bilersiň) döredijiligiňiziň nädip ösenine özüňizem geň galarsyňyz .
- Günde 20 minut adamsyny ýa-da aýalyny diňlemek üçin wagt tapyan adamyň gatnaşyk problemalaryndan zeýrenmeginiň manysy ýok.
- Özüňizi dinlemek we şahsy bellikleri saklamak üçin günde 20 minut (muny hökman barlaň) aýyrsaňyz, pikirleriň ýoklugy hakda alada etmeli dälsiniz.
- Girdeji çeşmelerini döretmekde günde 20 minut işleýänler, özleriniň maddy hal-ýagdaýy barada alada etmesede bolar.
- Uzyn bir işden soň( meselem 2-3 sagat ) dynç almak üçin 20 minut bölýän adamyň, aşa işlemekden we yadawlykdan gorkmagynyň geregi ýok.
- Kim günde azyndan 20 minut peýdaly kitap okasa, nädip öz işinde professional bolmalydygy barada alada etmeli däl.
Hawa , bu zatlar ýazmasy ýeňil, emma, etmesi kyn ýaly görüýär, Şonda-da hemme kimiň özüni kämilleşdirmek üçin günde 20 minudy bardyr diýip pikir edýän...
Teswirlerde duşuşalyň, bu makala barada siziň pikiriňiz nähili?