Teswirler (25)

Ýüklenýär...
User Avatar

UTANJAŇLYK ÝITIP BARÝAR

1 minut alar

 

Shy Baby Blep Blep

Adam ilkinji sapar utanç duýgusy bilen dünýä inende tanyşýar. Tanyşlyk düýpli öwrenmek ýaly, ýuwaş işleýän bir prosesdir. Öwrenen zatlaryňy ýüregiňe siňdirmek bolsa bu prosesiň çözgüdi we netijesidir. Utanç duýgusyny goramak adamyň esasy wezipesi bolmasa-da oňa eýe çykmak onuň soňky ýetjek derejelerini görkezer. Öwrenen zatlaryňy ýatdan çykarmazlyk we olaryň soňam gerek boljakdygyna düşünmek akylly adamlaryň saýlaýan ýollarynyň biridir. Öwrenen zatlaryňy gaýtalamak, olaryň üstünde işlemek we kämilleşdirmek adamyň esasy wezipeleriniň arasynda ýer almalydygyna doly göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda Tik-Tokdyr, Facebook we instagramda neşir edilýän ýagny paýlaşylýan zatlaryň aglabasy, esasanam tenlerini surata düşürmek ýaly, manysyz bir giden bolar- bolgusyz videodyr suratlar utanç duýgusynyň doly ýatdan çykýandygynyň iň uly alamatydyr.

 

Gynansagam utanç duýgusy aradan çykyp barýar we hasam ýönekeýleşýär. Utanç diýilýän zat ýönekeýleşmeli zatlaryň biri däl, eýsem kämilleşmegi zerur zatlaryň biridir. Utanjyny ýitirýän adamdan hemme zada garaşmak bizi geň galdyrmasa gerek. Utanjaňlyk siziň märekedir-toýlarda geýýän iň owadan lybasyňyz bolsun adamlar!

29 |