Teswirler (0)

Ýüklenýär...

2 minut alar

Başgalaryň Pikirleri Hakynda

Özüme nesihat 

Gijräk bolsa-da durmuşyň ýene bir hakykatyna göz ýetirdim. 

Adamlaryň sen hakyndaky ýalňyş pikirlerini üýtgetmäge synanyşmak, deňze daş atmak ýaly boş zatdyr. Sebäbi her bir adam beýlekilere özleriniň gözýetiminiň, durmuş pelsepesiniň we içki dünýäsiniň äpişgesinden serederler. Sen näçe gowy, dogruçyl, ahlakly, hoşniýetli bolsaň hem, başga adam saňa öz garaýşyndan baha berer. Şeýle ýagdaýda özüňiň gowudygyňy olara subut etmek bolsa düýbünden peýdasyz işdir.

Dogry, köpçüligiň pikiri güýçli zatdyr. Ýer şarynyň tegelekdigini goldan Kopernigi, Galileýi, Jordano Brunony şol döwürde halk köpçüligi ýazgarýar, hatda Brunony otlap jezalandyrýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen Ýeriň tegelekdigine adamzadyň göz ýetirmeginden soň, orta asyrdaky absurd bolup görünýän zat, häzirki günde iň bir ýönekeý hakykata öwrüldi.

Sen hem özboluşlylygyňa we özüňe ynamyňa birjik hem şübhelenme!

Diýjek zadym, sen özbolşuňa boluber. Seniň köňlüň töründen çykýan yşygyňy we ýagşyniýetliligiňi saňa meňzeş, ýagny seniň ýaly giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, gowy adamlar görerler we duýarlar. Olar seniň nähili gowy ynsandygyňy aýdarlar.

Emma betpäl, nebisjeň, ikiýüzli we dar dünýeli adamlar sen hakynda başga gürrüňler edip bilerler. Bu bolsa olaryň özleriniň aýnasy bolar.

Hakykat bolsa ahyry bir gün ýüze çykar; kim kimdigini wagt görkezer.

Wagt şeýle bir sabyrly, emma garşysyna durup bolmajak emindir.

Beýik Biribara saçagyňdaky gyzgyn çörege, depäňdäki öýüňe we durmuşyňdaky gowy ynsanlaryň bardygyna şükür edip ýaşa! Goý, seni başgalaryň pikiri däl-de, hakykatdan hem wajyp zatlar, ýagny seniň we ýakynlaryň saglygy hem-de bagtlylygy gyzyklandyrsyn!

10 |