Üç Nokat...
2 minut alar
Näçe sapar pozup täzeden ýazyp, ýene pozup ýene täzeden ýazyp ahyr, ýarty goýan işimi indi ýyl gutarmanka öňünden doldurjak bolup “ menem ýazdym, okaaň adamlar!!!” diýjekdiiimmm welin, welindä… ýazýan zatlarym diňe men we kölegäm başga hiç kim :).
Köp derdiň bolup edilmeli zatlar ýatdan çykýar. Kä mahal nämeden nireden başlanyňy bilmän galyp, başlanyňam taşlanýar galyberýär. Gaty köp dert işleriň ýarym taşlanmagyndan, bir zadyň başyny başlap yzy gelmän gidiberýär. Ana şular ýaly ýarty galan makala, ýa ýarym galan kitap, ýa ylmy iş, ýada bir doly iş gutarmanka beýlekä ätlap başdakyny unudup yumak şeklinde çolaşyberilýär. Soň iç gepletmeleriň şaýady bolýaň.
Ýalňyzlygyň berýän oýnymy ýa da hemme zady aşa Dünýewileşdirýänimiz üçinmi?
Ýalňyzlygyň berýän oýna beýle bolmaly däl diýsem ýalançy. Ýalňyzlyk işi ýoga howp, işi depesinden agdyga uly nygmat. Meni sorasaň, meniň üçin şeýle bir uly nygmat, Ýaradana şükür edýän. Ýalňyzlaşaňda da ýoldaky bütin adamlar saňaa ruhy ýalňyz adamlar ýaly görünýär. Kime näme aýtjagyňy, näme okatjagyňy, nirä barýanlygymyzy aýtmakdan säginýäň. Emma ugur ýoluny tapmadyk adamogly üçin kim nirä ugrukdyrsa gidip barýana uly uly howp. Ýagny ýolbeletsizler üçin. Asyl düşüneňde ýolbeletsizjedemä däl. Hemme zady dünýewileşdirmek bilen wagtymyzy meşgul edip ýarym galan zatlaryň, hiç dolulugyny görüp bilmän geçýäs. Iň bärkijesi ynanç(bu eýýäm başga mowzuk boluberýär, elim ýetse, beýnim işläberse belki ýazaryn). Köp dürlülikli adam bolmagam näçe gowy diýsegem, ana asyl etjek işiňi ýatdan çykardýar ýekelige/ýalňyzlyga eltýär. Hamana şeýle gowy ýaly görünýär emma däl.
Asyl bir zady unudýas başlanymyzda haýsy sepgide ýetjekligimizi. Elbette başda görüp bilmeýäris ýöne, seçen ýolumyzdaky her hili tümmüklerden, her hili ýodalardan geçip başaryp biljekligiňe ynanyp bashlaýaň. Ýöne şony öwrenmeli….taşlaman başlamaklygy. Kä mahal diňeje başlamak ýetenok yzy we soňy hem gelibermeli welin asyl geläýenok…Endik edinmeli, bir işi doly gutarylmanka başga zada başlamazlygy…
Doly ýazyp bilmeýärin, ýene yarty taşlap aýtjak zatlarymy içimde ýuwdym ýuwdym saklaýaryn we şujagaş ýerde goýmakçy. Belki indikilerde, belki hiç, belki bashlanymda taşlamazlygy öwrenen halymda gelip ýazaryn aa häzirlik bolsa, şahyr ussadymyzyňam aýdyşy ýaly :
Zähmete çapalyň,
Gepe çapmalyň.
Il içinde gep kän, iş weli — has kän.
Käte giç düşünýäs bu hakykata,
Iniler düşünsin ýaşkan,
has ýaşkan!
HOŞ SAGBOL!