Terbiýe nirede başlanýar?
4 minut alar
Etika - terbiýemi ýa medeniýet.
Adam hemişe beýleki adamlar bilen kontaktda, gatnaşykda ýaşamaga mejburdyr. Dostluk, söýgi, iş, söwda, garyndaşlyk we ş.m. onlarça görnüşli gatnaşyklar biziň durmuşymyzyň özenini tutýar. Başga jandarlardan tapawutlylykda adam çagasy diňe jemgyýetde adam bolup ýetişýär. Ýagny bu, keýigiň çagasyny sürüden aýranyň bilen ol iňsoňy keýik bolup ýetişýär diýildigidir. Emma adam beýle däl. Biz öz jemgyýetimizi agzymyzyň ýetişdiginden ýamanlaýas. Goňşularymyz erbet, aýallarymyz gybatçy, erkekler ownukçyl, çagalarymyz terbiýesiz, gaýynlar ýaman, gelinler ýalta we ş.m.
Ýöne biz şu özümizi gurşap alýan jemgyýete, adamlara özümiziň gepläp bilýänimiz, pikirlenip bilýänimiz, akyl ýetirip we analiz berip bilýänimiz, galyberse-de, ahlak kadalaryna görä öz durmuşymyzy gurnap bilýänimiz üçin borçly bolmalydyrys. Howwa, hut şu zatlar biologik faktor däldir, ýagny biz adam bolup doglanymyz bilen gandan geçýän gen aýratynlygy ýaly komplektde bar bolan zat däldir. Gen bilen adamyn sypaty, intellektual başarnygy, zehin aýratynlygy geçip biler.
Sözi uzaldyp otumalyň. Bu zatlaryň hemmesini biz institutda sosiologiýada, antropologiýada, dil bilimine girişde we beýleki derslerde geçdik diýersiňiz. Elbetde, jemgyýet adam üçin saglykdan soň, hemme zatdyr. Hut şol sebäpden adama jeza berlende, ilki bilen ony jemgyýetden çetleşdirýärler, ýagny tussaglyga sezewar edýärler. Indi şu ýerde, jemgyýet adamyň aňyny kesgitleýärmi ýa-da adam jemgyýetiň aňyny kesgitleýärmi diýen filosofiki sorag döreýär.
Bu näme diýildigi bolýar. Aýdalyň adam oba durmuşy bilen bagly jemgyýetde ýetişen bolsa, onuň aňynyň agramly bölegini şol jemgyýete mahsus zatlar tutar, ýagny oba adamsy uklanda onuň düýşune kosmos, metro, windows 10, opera teatry girermi, ýa-da mal-gara, mellek, pil, orak, traktor girermi? Diýmek, jemgyýet belli bir derejede biziň aňymyzy kesgitleýär eken. Emma beý diýsek, soňky döwür biz käbir şu günki bolýan zatlar baradaky kinofilmleriň mundan ýigrimi bäş ýyl ozal kino görnüşinde surata düşürilendigini hem görýäris. Meselem, 90-njy ýyllaryň başyna meşhurlyk gazanan “Terminator” filmi orta ýaşdan geçen her bir adama tanyşdyr. Kinoda esasan islendik şekile girip bilýän suwuk robot barada gürrüň gidýär. Indi gelip şu günlerde Ýaponiýada hakykatdan-da suwuk robot oýlanyp tapyldy. Alymlar ony adamyň gan damarlaryndan goýberensoň ol, barmaly ýerine baryp gerekli şekilde doňýar we şol ýerde operasiýa amala aşyrýar we ýene-de suwuk görnüşe geçip yzyna gan bilen çykyp gaýdýar. Bu bolsa eýýäm kino dal, hakykat. Diýmek bu ýerde adamyň aňy jemgyýetiň durmuşyny kesgitlän ýaly görünýär.
Ýene-de men aýtjak zadymdan daşlaşdym. Bagyşlaň. Men şu zatlary biziň jemgyýetimiziň şu günki ýeten derejesi barada aýtmak üçin aýdyp başladym, aslynda. Biz özümizi ýokary tehnologiýa asyryna gadam basan intellektual jemgyýet diýip atlandyrýan bolsak-da, özümizi köp ýerde ilkidurmuş adamsy ýaly alyp barýarys. Haçan diýip sorarsyňyz. Adaty nobatlarda biz adaty etikanyň, ýagny köpçülikde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bilemzok. Men her nobata girenimde hökmany suratda “Meň öňüme biri sokular, hökman on sany garry ýa aglap duran çagaly tapylar we işimde rugsat alyp gaýdan adam hökmünde hökmany suratda nerw kletkalarymyň iň soňkusyny şu nobatda harçlanymdan soň iň soňky bolup (we köplenç ýadaýda boş) gaýdaryn diýen duýgy bilen girýärin. Bilýäňizmi näme, men hemişe hakly bolup çykýan. Diş dogtoryň, bilet satylýan kassanyň ýa-da islendik başga bir ýeriň nobatynda men iliň ýerine girmek üçin ýerine ýetirilýän her dürli drama, tragediýa we komediýa žanrlarynyň goşulmagyndaky ssenariýlaryndan başga, uruş, paýyş sögünçler we ş.m. şaýady bolýaryn. Eýsem, bu dogrymy. Bu zatlaryň adata öwrülenä çyn welin, bu zatlar aslynda şeýle bolmalymy? Indi türkmen jemgyýetinde öz hakyň, öz nobatyň diýen düşünje bolmazmy? Sosial ulgama girsegä biziň barymyz aňrybaşy musulman. Diňe sabyr, kanagat, iman barada statuslar goýýas. Köpçülikde bolsa, bagyşlaň welin köpümiziň edil, orsuň doňuzyndan tapawudymyz ýok.
Biziň jemgyýetimiz haçan beýle tertipsizleşdi? Sowet döwründe hemme zadyň basa-baslyk bolan wagty biziň aňymyza öz hakyň ýok diýen düşünje şeýle bir çuň ornaşypdyr welin, indi biz haýsy ýerde nahili uruşmaly bolsa taýýar hala geldik. Sowet döwrüniň adamlary Günbatary hemişe ahlaksyzlykda ýatlaýar. Meň pikirimçe, etika ahlagyň ýokary görkezijisidir. Men ýönekeý Amerikany mysal alasym gelýär. (Näme üçin, sebabi Günbatar Ýewropa etikanyň piri hasap edilýär millet bar bolany üçin). Amerika diýjeksiň, belli milleti, däp-dessury, dini bolmadyk jemgyýet. Olarda ýekeje garry adam nobatda öňe süýşüp, “”meni geçiraý” diýenok. Olarda garranam bolsaň, bäş sany emdirýän çagaňam bar bolsa, ol zatlara başga adamlary dahylly etmek we olary ýeňillik döretmäge borçly etjek bolmak utanç hasap edilýär. Hiç bir amerikaly bir sagat utuş gazanmak üçin dawa girmez, olar ýurduň baştutany bilen duşuşyga barýanam bolsa ýol hereketiniň düzgünini bozup, ozup geçmez. Howwa bu kapitalistik jemgyýetiň, her minut pul diýýän jemgyýetiň ýetişdiren adamsy. A biz bolsa dostluk, doganlyk, raýdaşlyk diýýän, gaýybana gymmatlyklaryň jemgyýetiniň ýetişdiren adamsy. Soňunda haýsy jemgyýetiň ýörelgesi dogry, karar bermek elbetde, size bagly.
Indiki makalamda men kanun düşünjesini seljermäge çalyşjak bolýan. Siziň pikirleriňiz meň üçin örän möhüm. Geljekde “Makalamda” görüşmek arzuwy bilen NURANA.