TEBIGATYMYZYŇ ÝAŞAÝŞYMYZDAKY ÄHMIÝETI
2 minut alar
Adam özüniň daş-töweregini gurşap alan tebigata sarpa goýup, onuň baýlyklaryny aýawly saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Tebigatyň arassalygy onuň howasyndan dem alýan her bir janly-jandaryň, şonuň bilen birlikde, ynsan ýaşaýşynyň düýp özenidir. Tebigat janly zatdyr. Görer göze jansyz ýaly bolup görünýän baýyrlyklar, daglar, düzler, ot-çöpler hem tebigatdan dem alýar. Ösümlikleriň gülleýişleri, miwe berişleri bularyň bary tebigatyň arassaçylygy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Şonuň bilen bir hatarda, adamlaryň saglygy hem tebigat bilen gönüden-göni berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ýer ýüzünde ösýän ösümlikleriň aglaba bölegi dermanlyk häsiýetine eýe bolup, olar adamlaryň saglygyny dikeltmekde, dürli keselleri bejermekde uly hyzmat edýär. Tebigatymyzda ösýän her bir ösümlik birnäçe keselleri bejermekde derman hökmünde ulanylýar. Hut şonuň üçin, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigat dünýämizi, onuň ekologik arassalygyny gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, “ýaşyl ykdysadyýeti” kemala getirmek ugrundaky tagallalar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.
Tebigat biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyzdyr. Tebigat – bu durmuşyň özüdir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek – biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Gazakbaý ATAMEDOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň bölümçe başlygy.