TEBIGATY GORAMAK – GELJEK NESILLERE GOÝULÝAN MIRAS
1 minut alar
Häzirkizaman durmuşynyň ýokary depgini we senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagy bilen daşky gurşawa ýetirilýän täsirler hem artýar. Tebigaty goramak diňe bir biziň ýaşaýyş gurşawymyzy gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem geljek nesilleriň sagdyn ýaşamagy üçin hem möhüm şertleriň biridir. Bu günki günde ýer topragynyň zaýalanmagy, howanyň hapalanmagy, suwuň azalmagy ýaly meselelere dünýäniň wajyp meseleleri hökmünde garalýar.
Ekologiýa taýdan jogapkärçilikli bolmak üçin her bir adam öz gündelik durmuşynda kiçi ädimlerden başlamaly. Munuň üçin, plastmassa ulanmagy çäklendirmek, tokaýlary goramak, arassaçylyk işlerine işjeň gatnaşmak ýaly çäreler örän täsirli bolup biler. Ekologik bilim bermek, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüni ösdürmek – bularyň hemmesi häzirki we geljekki durmuşymyzy goramagyň möhüm ugurlarydyr.
Tebigat – bu diňe bir ýaşyl agaçlar ýa-da gök asman däl, ol biziň ýaşaýşymyzyň özenidir. Şonuň üçin ony goramak her birimiziň borjumyzdyr. Geljekki nesillerimiziň sagdyn we arassa dünýäde ýaşamagyny isleýän bolsak, bu borjy diňe gürrüňde däl-de, amalda hem ýerine ýetirmelidiris!
Rüstem ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.