Hudožnik
Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr
2 minut alar
“Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr.”
Çarlz Darwin.
Döredijilik- ynsan göwnüniň sudura giren keşbi bolansoň, eseriň “tagamyny almak” üçin ilki bilen awtoryň göwün ýaýlasynyň “howasyny” duýmak zerurdyr.
Sen şeýle kiçiňiň hem şeýle giňdiň
Bu gün bolsa buz üstünde lowlaýaň
Gözüň görejinde ýer tapan Göwün
Neçün giň jahana sygmajak bolýaň
Ýatlamalaň dünýesinde ylgaşlap
Surnugaňda arzuw a:tly salgymdan
Gyrtyç basan köne güzeriň taşlap
Torgaý bolup galgap gaýtdyň ýaýlamdan
Haýsy çeşmelerden ruhuň gandyryp
Sen haýsy güýçlerden ylham alýarsyň
Meniň ak ganatly owadan Göwnüm-
Golumdan göterip arşa galýarsyň
Soň ýüzýäris arşyň gök ummanynda
Meleklere, Çiltenlere garylyp
Taňryň huzuryna edýäris tagzym
“Alhamyň” nurundan ak pata alyp
Dergähiňde bir arzym bar Ýaradan
Jyda kylma meni perden-ganatdan
Perişde ganatly-perwazly göwnüm
Dowam halasgär sen ol kyýamatdan
Çeşmäň suwy ýaly dury gözleriň
Meniň diriligim meniň bakyýam
Bu yklymda sen ýeke-täk islegim
Hem ikilik çykmaz ýeke-täk dünýäm
Ýöne, senem gitme meni terk edip
Sensiz kerwen göçen boş saraýam men
Seniň ganatlaryň ýüzüm ýelpese
Seň yhlasyň bilen boý alaryn men
Sen-sen şadillileň şabram şelpesi
Seň baryňda meň dünýämde gussa ýok
O-ol pelegiň salyp giden yzasyn
Seýikläre senden beýik ussa ýok
Arzuwlaryň ak bedewin säpjedip
Ýör ýene çykaly arşyň saparna
Ýedi gat asmanyň çür depesinde
Guwanaýyn seniň ganat kakarňa
Sen ne gudrat sen ne beýle keramat
Owazna gark edip dokuz pelegiň
Alyp barýaň arasyndan gaýdyryp
Gaýyşy deý, ýele düşen ýelegiň
Sap-sap bolup galyp barýar dünýeler
Gaýdyp ýetilmejek menzile meňzäp
Men bolsam owaza barýan tirkelip
Owazyň özünden müň kerem ýeňläp
Ýöne...
Pelek gerdişini gerdene salyp
Süňňüňi sökende bogunma bogun
Neneň edip çydabildiň çagşaman
Arşmydyň sen kürsmüdiň sen eý Göwün!
Men seni asmanyň arşynda gördüm
Keremli daglaryň gerşinde gördüm
Jemşidiň jamynda-käşinde gördüm
Dogamy sen, jadymy sen eý Göwün!
Hakdan içen diwanalaň kasamyn-
Haklaýşy deý saňa wepa haklaryn
Eý, meniň perwazly, perişde Göwnüm
Men seni bakyýa tämiz saklaryn!
Meniň pikirimçe: Sungat, durmuşa düşünmegiň açary bolup, onuň täsirinden döreýän soraglara agtarylýan jogap, ýetilýän many-durmuşa düşünmegi aňladýar...