Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TEBIGAT BILEN SAZLAŞYKDA ÝAŞAMAGYŇ ÝOLY

1 minut alar

Adamzat özüniň ösüp-örňän döwründe giň dünýäniň çäklerinde her hili gurluşlary, senagat ulgamlaryny döretdi. Bu ösüşler jemgyýeti tehnologiýa taýdan öňe çekdi, ýöne tebigatyň derejesine görä däl-de, adamyň islegine görä edildi. Netije-de, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde klimatyň üýtgemegi, ýerleriň guramagy, ösümlik we haýwan görnüşleriniň ýok bolmagy ýaly möhüm ekologik meseleler ýüze çykýar.
Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak – bu diňe bir ekologiýa düzgünlerini berjaý etmek däl, eýsem, tebigatyň bir bölegi hökmünde ýaşamagy kabul etmekdir. Biziň her birimiz tebigatyň özbaşdak ýaşaýyş mehanizmi bar diýen düşünjä eýe bolmaly. Eger-de biz bu mehanizme hormat goýmasak, onuň özi dikelmäge synanyşar, bu bolsa, betbagtçylykly hadysalara elter.
Mysal üçin, birnäçe ýurtlarda tokaýlaryň kesilmegi netijesinde çägeli ýeller güýçlenýär, suw ýollary gurap başlaýar, hatda howanyň derejesi hem özgerýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin jemgyýet derejesinde pikirlenmeli, ýaş nesillerde ekologik aňy yzygiderli ösdürmeli.
Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak – bu diňe bir jogapkärçilik däl, eýsem, ruhy rahatlygyň, sagdynlygyň we durnukly geljegiň açarydyr.

 

Laçinbek ALLABERGENOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy.

3 |