Taýajyklar bilen naharlanmak däbi
3 minut alar
Iki sany uzyn taýajyk bilen naharlanmak, megerem, hemmeleriň ünsüni özüne çekýän bolsa gerek. Hytaý medeniýetine mahsus bolan bu usul ýurduň ýerli aşhanalaryndan başga-da, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky hytaý aşhanalarynda duş gelýär. Gaýnadylan tüwüden başlap, çorbanyň dürli görnüşleri çöpjagazlar bilen iýilýän bu medeniýetiň özüne mahsus taryhy bar. Eýsem, uzyn çöpjagazlar bilen naharlanmak haçan ýüze çykdyka?!
Hytaýly çopanlar biziň eýýamymyzdan öňki 1200-nji ýyllarda ilkinji gezek nahar iýmek üçin uzyn çöpjagazlary ulanyp başlapdyrlar. Bu barada Şan dinastiýasy döwrüne degişli taryhy ýazgylarda duş gelinýär. Bellenilişine görä, ilkinji taýajyklar bürünçden ýasalyp, esasan, nahar bişirmek üçin ulanylypdyr. Bu bürünç gurallar häzirki taýajyklardan has uzyn bolup, çukur gaplarda nahar bişirilende gerek bolupdyr. «Çopan taýajyklary» diýlip hem atlandyrylýan çöpjagazlar müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, nahar iýmek üçin oňaýly görnüşe getirilýär. Ýagny, öňki uzyn çöpler gysgaldylyp, ujy nahary tutmak üçin amatly bolar ýaly inçeldilýär. Şol ýyllar Konfusiniň ynançlaryna görä, naharlanylanda farfordan ýa-da metaldan ýasalan ýiti gurallary ulanmaly däldigi barada ýörelgeler halk arasyna ýaýraýar. Ýiti gurallaryň howpludygy sebäpli, tebigy gurallary ulanmalydygy wagyz edilýär. Şeýlelikde, hytaýlylaryň arasynda nahar iýmek üçin bambukdan ýasalan çöpjagazlar ulanylyp başlanýar. Bu döwürde aşpezler eti ownuk böleklere bölüp bişirip başlaýarlar. Hytaýlylar muny agaç çöpjagazlar bilen iýmek üçin täze bir usul diýip hasap edýärler.
Biziň eýýamymyzdan öňki 500-nji ýyla çenli taýajyklar bilen naharlanmagyň usuly Ýaponiýa we Wýetnam ýaly goňşy ýurtlara hem ýaýraýar. Wýetnamda taýajygy ýasamak üçin bürünç ýa-da farforyň ýerine palma agajy ulanylyp başlanýar. Hytaýlylaryňkydan tapawutlylykda ýaponlar nahar iýilýän taýajyklary düýbi birleşdirilen gapjawaç görnüşde bambukdan ýasaýarlar. Ýaponiýa 1878-nji ýylda bir gezeklik ulanylýan çöpjagazlary hödürlän ýurt bolsa-da, hytaýlylar nahar iýmek üçin ulanylýan taýajyklary oýlap tapan halk hasaplanýar. Taýajyklar haýsy material köp bolsa, şondan öndürilipdir.
Taýajyklar barada
Nahar iýilýän çopan taýajyklaryň uzynlygy, adatça, 23-26 santimetr aralygynda bolýar. Çöpjagazlar diňe nahar iýlende däl, bişirilende hem ulanylýar. Munuň üçin 30-40 santimetr uzynlykdaky taýajyklardan peýdalanylýar. Bu aşhana guraly bambuk, agaç, plastmassa, metal, süňk, farfor ýaly dürli materiallardan ýasalýar. Esasan, tegelek we dörtburç kesimli görnüşde öndürilýän çöpjagazlaryň käbirinde tutmak üçin amatly bolar ýaly oýuklary bar. Soňky ýyllarda bir gezeklik ulanylýan plastmas taýajyklar has ýörgünli bolup, tutawajy dürli şekiller bilen bezelýär. Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa, Wýetnam we Tailand taýajyklar bilen naharlanylýan ýurtlar hasaplanýar. Hytaýda her ýyl 80 milliard töweregi jübüt taýajyk öndürilýär.
Çöpjagazlary nädip tutmaly?
Fizika boýunça Nobel baýragyynyň eýesi (1957ý.) Çžendao Li çöpjagazlary elde saklamak barada şeýle belleýär: «Ýönekeý bolsa-da, iki taýajyk fizikanyň ajaýyp şöhlelenmesi. Deňagramlylyk esasynda bolup geçýän bu hadysada barmaklar nämäni başarýan bolsa, çöpjagazlar hem şony edýär». Taýajyklaryň adaty ýagdaýda tutulyşy başam, süýem we orta barmaklaryň sazlaşykly hereketi esasynda amala aşyrylýar. Üç barmak çöpjagazlary üç tarapdan gurşap alýar we taýajygy ruçka tutýan ýaly berk saklaýar. Başam barmak tarapdaky çöpjagaz hereketsiz saklanyp, süýem we orta barmagyň saklaýan çöpjagazy açylyp-ýapylýan görnüşde hereket edýär. Taýajyklar bilen naharlanmak çagalykdan öwredilýän maşgala däbi bolup, hytaý medeniýetinde çöpjagazlary dogry tutmaga we ulanmaga üns berilýär. Ene-atalar çagalaryna edil okuw esbaplary ýaly, nahar iýilýän taýajyklary hem satyn alyp berýärler. Şeýle hem naharlanmak edebi bilen bagly ýörite öwrediji sapaklary geçirýärler.