Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

TÄsin Kitap

3 minut alar

 Bir kitaby okap hem aglap hem-de, gülüp görüpmidiniz..?!*

Howa bu hakykat menin öz başymdan geçeni üçin siz bilen paýlaşmak isledim!

Aslynda mende kitap okamak söýgüsi 6njy synpda wagtymdan başlapdy. Şol wagtdan bäri okan kitaplarymyn sanyny özüm hem bilemok hatdA ortaça galynlykdaky 1 kitaby añry gitse 2günde okap gutaryp bilýärdim, we şol wagty iñlis yazyjysy Jeyn Ostinin - "Jeyn EyrA" kitabyny okap birinji gezek kitap okap gorkup görüpdim, tä şol wakadan sonrA meni kitap okamakda hayran galdyrjak waka talyplyk  döwrüme çenli bolmandy.

DINLEMAGE TAYYNMYN ONDa

Ömrin Altyn döwri hasaplanyan Talyplyk döwrünin 2 yyly gecip, 3nji döwri ahyrlapdy. Salkyn howaly aprel aylaryndan bir günüdi sene 2016yylydy, özüm yaly kitap söýüji bir dostym*(kitap okayanlaryň aglAbasy dine özi yaly kitap okayanlar bilen in yakyn dost bolupbiler)  şu soragy berdi : "Iñ köp sowgat berilyän kitap barada eşidipmidin?!" - diyip, mana bakyp durşynA jogabA garashdy, emma mende bu barada hic hili pikir hem yokdy şonca kitap okamagyma garamazdan. Ol hem kinaýaly yylgyrdyda - " ine onda dos şu kitaby bir gör hany Söýgülimden sowgat aldym edil şuwagtcyk.. Entek özüm hem okAp göremok, emmA manada sowgady berende şeýdiyip aytdy" - diydide kitaby elime tutdurdyda otagdan cykyp barşyna  yzyna öwrülip : " Özüni süyt bil, dostuny gaymak" diyip sägindi-de, "Hany okap gör, özümden öñ saña berýän" diydi we cykyp gitdi. Şol wagt sagat takmynan öýlän 4di, we menin kitaby okap başlan wagtym hem şol boldy...

Şonça kitap okap gören bolsamda hic şol günki şol kitaby okaýşym ýaly hazir hem olar yaly kitap okap göremokmykam öýtyän...

Siz hazir şu sözlerimi okap belki -"baybow näme beyle cişirdinow bolsa bir kitapdyrda näme gep köpeldim otyrsyn aytda goyda adam şekilli.." diyyanleriniz bolmagy mumkin yone men şol kitaby okanymda 3 sany täsin waka gördüm, duydum we baŞdan gecirdim şolary, siz bilen paýlaşmakcy boldum ine ol sebäplerden birinjisi:

Ilkinji gezek kitap okap aglap gördüm...

Entek göz ýaşym ýüzümde wagty hem  şol kitap yene-de meni yylgyrmaga we gülmäge mejbur etdi...

Üçinji sebap üçin biraz giñişleyin maglumat bereyin, kitaby okap başlan wagtym öylän 4de bolsada, agşam nahar wagty hem şol kitaby elimde düşürmän agşamlygymy edindim we şol okap oturyşymada komnatdaş kursdaşlarymyn ählisinin yarygije uka gitmegine garamazdan çyrany söndürmän okamagymy dowam etdim... ahyr soñy kitaby okap boldym-da, Uludan birdem alyp indihä men hem yerime gecip yatayyn diyip sagada seretsem dañdan 4-di...  iñ çalt kitap okap gutarmakdaky rekordymy goyupdym...

Aýdylyşyça ha bar eken bu kitap... Şondan iki gün soñra Aşgabatdan Türkmenabada ucar bilen talyp söýgülimi görmäge we ony doglan güni bilen gutlamaga Lebap iline gitdim. Elbetde elimde-de bir buket gyzyl güller we şol kitapdan bardy... (jübimde hem 1ay öňünden niyetlap alan yüzügim) yagny Mana durmuşa çykarmydyn dp beren ýüzügim, 2ýyldan soñ toý etdik hem talyplyk döwrüni tamamlap Watan öňündaki borjumy yerine yetirmage gulluga gitdim, gullygymy gutarmagymA 6ay galanda ozumden uly ayal doganym iñ körpeje gyzynyn Rak keseline duçar bolanyny eşitdim, men gullugymy tamamlap baryancam yegenim aradan cykan eken, yagny ayal doganymyn doglan güne golay gunde bu dunyaden gozlerini yumupdy, bu waka doganyma gaty uly urgy bolupdy ol ozuni yitiripdi, bir yyldan son doganymyn doglan gunine elimde bir gül we bir kitap bilen bardym, elbetde bu yene şol kitapdy...

3. Bir kitap iñ bir begençli güninde sana şärik hem iň bir gynançly güninde-de, ýüregine teselli - derdine derman bolup bilýän bolsa  --onda mana şondan uly baýlyk gerekdäl ine hakyky baýlyk...

Leonarda da Vinci'nin - Mona Liza'synyn hem dünýädäki iň gymmat bahaly surat bolmagyna Sebäp- belki şol surata seredenizde Siz şatlykly yagdayda bolsanyz surat hem size şatlykly gülümseme bilen sizi synlayar, egerde Siz gaýgyly yagdayda bolsanyz onda surat hem  tukat yagdayda size bakyp durandyr...
Eysem bu kitap hem şeýle dälmi... 

(Bu haýsy kitapdyr öýtýäniz..?!*)

(Belki aranyzda şol kitaby okap göreniniz kändir, emma haysynyz kitapdaky şol duygulary duyup ýaşap bildiniz..)

(..pikirleriniz men ücin möhüm, jogaplarynyza garagaraşyan..)

192 |