5 minut alar
ÝÜK
ÝÜK (hekaýa) Oňa öz aýratynyna täze otag berdiler. Otagyň dardygy sebäpli, içinde iş stoly bilen oturgyçdan başga zadyň ýerleşibiljek gümany ýokdy. Dörtburç gutyň içine salnan ýaly ýürekgysgynç duýgudan onuň ünsüni diňe stoluň gapdalyndaky bir ädim ýere ýazylan insizje türkmen halysy sowýardy. Öňünde iň çetki bölegi açylýan, alty sany ownuk penjireden ybarat otag diwary goragda duran sak esger ýaly gözüňe dürtülip durdy. Seretdigiňçe, şol diwar ýakynlaşyp, onsuzam dar otagy gysyp, dolap barýardy. Ol şonuň üçin galstugynyň…