2 minut alar
Klero
Bu bir meňzetme... Käte şeýle-de bolaýýar! Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň…